JEMGYÝET

Türkmenistanda Täze ýylda 2 gün dynç alnar

Türkmenistanda Täze ýylyň anna gününe deň gelýändigi üçin 2-nji ýanwar, ýagny şenbe güni hem iş güni däl diýlip yglan edildi. Bu barada hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň şu ýylyň iň soňky bilelikdäki mejlisinde degişli Permana gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiziň bu Permany “Watan” habarlar geleşiginde okaldy.

Şoňa laýyklykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň ilatynyň Täze ýyl baýramyny dabaraly belläp geçmegi hem-de oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen degişli Permana gol çekdi. Bu Permana baglylykda, 2-nji ýanwar iş güni däl diýlip yglan edildi.

Bu resminama laýyklykda, şu  Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşini garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar hem-de guramalar üpjün etmeli.

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

Ýene-de okaň

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Ýusuf Azmun: täze kitap iňlis we türkmen dili üçin gymmatly gollanma

Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidentini Nowruz baýramy bilen gutlady

Gruziýa türkmen gazyny we nebitini üstaşyr geçirmekde goldaw bermäge taýýar