JEMGYÝET

Türkmenistanda täze milli howpsuzlyk ministri wezipä bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken resminamasyna laýyklykda, polkownik Gurbanmyrat Annaýew başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri  wezipesinden boşadyldy.

Döwlet Baştutanynyň gol çeken degişli resminamasy «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, polkownik Nazar Atagaraýew milli howpsuzlyk ministri wezipesine bellenilip, ol Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy wezipesinden boşadyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti bu resminamalara Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisinde gol çekdi.

 

Related posts

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýeňiş güni mynasybetli Gutlagy

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginde täze hyzmat

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Merkezi Aziýa + Hytaý” Sammitine gatnaşmagyna garaşylýar

Leave a Comment