BIZNES

Türkmenistanda önümleri sertifikatlaşdyrmagyň tertibi täzelenildi

“Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy önümleri sertifikatlaşdyrmagyň täzelenen tertibini tassyklady. Onuň mazmuny Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi sahypasynda ýerleşdirildi.

Bu resminama dokuz bapdan ybarat bolup, Türkmenistanda öndürilýän, daşary ýurtlara eksport edilýän, döwletiň çägine getirilýän önümleriň sertifikatlaşdyrylmagyny, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň beren sertifikatlaşdyrmak boýunça resminamalarynyň ykrar edilmegini talap edýär.

Täzelenen tertip käbir amallary sanlylaşdyrmak bilen sertifikatlaşdyrmak işini ýönekeýleşdirer. Mysal üçin, önümleri sertifikatlaşdyrmak boýunça ýüztutma diňe kagyz görnüşinde däl, eýsem internet arkaly elektron görnüşinde ýa-da elektron göterijide hem berlip bilner.

Çeşme: www.tstb.gov.tm

“Ata Watan Eserleri”: baýrakly makala ýaryşy dowam edýär

 

 

 

Ýene-de okaň

2026-njy ýylda Türkmenistanda ulag pudagynda garaşylýan netijeler

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy giňden belleniler

Türkmen – owgan gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşýar

«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumy geçiriler

Türkmenistanda tebigy gazyň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek üçin infrastruktura taslamasy amala aşyrylar

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň işi kämilleşdiriler