BIZNES

Türkmenistanda iri halkalaýyn energoulgamy gurulýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitleri ösdürmegiň maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde bar bolan mümkinçilikleri netijeli peýdalanmak, şeýle hem ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýasyny içerki sarp edijilere we beýleki döwletlere ibermek bilen baglanyşykly wezipeleriň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow howa menzilinden Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabynda ýerleşýän, güýjenmesi 500 kilowolt bolan Balkan — Daşoguz howa elektrik geçirijisiniň gurluşyk meýdançasyna baryp gördi.

“Türkmenenergogurluşyk” konserniniň ýolbaşçysy N.Ataýew hünärmenler tarapyndan dürli güýjenmeli howa elektrik geçirijilerini we transformator beketlerini gurmagyň baý tejribesiniň toplanandygy barada aýdyp, güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik geçirijileriň we beketleriň, güýjenmesi 220 kilowolt, uzynlygy bolsa 421 kilometr bolan iki zynjyrly Ahal — Balkan, güýjenmesi 220 kilowolt, uzynlygy bolsa 380 kilometr bolan iki zynjyrly Ahal — Mary, güýjenmesi 220 kilowolt, uzynlygy bolsa 25 kilometr bolan iki zynjyrly Daşoguz — Daşoguz döwlet elektrik stansiýasy ugry boýunça howa elektrik geçirijisiniň, şeýle hem Daşoguz döwlet elektrik stansiýasynyň taslamalary, Serdar, Kaka, Tejen elektrik beketleriniň ugry boýunça howa elektrik geçiriji ulgamynyň taslamalary barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow işlenilip taýýarlanylan taslamalary durmuşa geçirmekde ýurdumyzyň energogurluşykçylarynyň uly tejribe toplamagynyň guwançly ýagdaýdygyny aýdyp, bu ugurda alnyp barylýan işlerde häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny we dünýä tejribesini öwrenmegiň, şeýle hem ýokary öndürijilikli tehnikalardan netijeli peýdalanmagyň wajypdygyna ünsi çekdi we bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

 

Türkmenistan bilen Özbegistan sebit hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Ýene-de okaň

Eýranda maliýe özgertmeleri: pul birligi çalyşýar

Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 1 milliard dollardan geçdi

“Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan” demirýoluň gurluşygyna başlanýar

Eýranyň Gürgen şäherinde Türkmenistanyň harytlaryň sergisi geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistan Malaýziýa bilen oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlygyny giňelder

“Iran Agro Fud” atly Eýranyň 16-njy ýöriteleşdirilen sergisi geçirilýär

Ata Watan Eserleri