2022-nji ýylyň 17-nji dekabrdan 27-nji dekabry aralygynda Türkmenistanda geçiriljek ilat we ýaşaýyş jaý gaznasynyň uçdantutma ýazuwyna taýýarlygyň çäklerinde BMG-nyň Ilat gaznasy (ÝUNFPA) ýurdumyzyň Statistika baradaky döwlet komitetine gerekli enjamlaryň birinji tapgyryny gowşurdy.
Hususan-da, kompýuterleriň 180-si, planşetdäki maglumatlary ýüzugruna Statistka baradaky döwlet komitetiniň maglumatlar merkezine geçirmäge mümkinçilik berýän kuwwatly serwerler we maglumatlary saklaýjylar alyndy. Bu bolsa, öz gezeginde, ýazuwyň takyklylygyny we hilini üpjün eder.
Planşetler ýazuwy sanlaşdyrmaga laýyklykda, degişli programmalar bilen üpjün ediler.
Ýazuwyň çäklerinde 11 günüň dowamynda hasaba alyjylar sowallaryň dört ugry boýunça ilat hakynda maglumatlary jemlärler. Mysal üçin, birinjide ýaşaýyş jaý meseleleri, şol sanda binanyň görnüşi, onuň gurlan wagty we şoňa menzeş sowallar bolar. Ikinji ugry raýatlara jemagat hyzmatlarynyň we öý düzümleriň, şol sanda suwuň, gazyň, toguň elýerterliligi, şeýle hem Internete çatylanlygy barada sowallar bolar.
Üçünji we dördünji sowallar boýunça ýazuw sahypalarynda öýde ýaşaýanlaryň sany, olaryň ýaşy, milleti, jynsy, doglan ýeri, dili, raýatlygy, maşgala ýagdaýy, çagalaryň we ulularyň bilimi, işleýänligi-işlemeýanligi, girdeji çeşmesi hasaba alynar. Kagyzyň ähli bölümi halkara ölçeglerine laýyk bolar. Sowalnama ilkinji gezek maýyplyk we ýaşaýan sebitinde elýeterlilik barada sowallaryň goşulýandygyny bellemek gerek.
Ýazuwyň bu maglumatlary ilatyň sany we häsiýetnamasy barada möhüm maglumatlary almaga, jemgyýetiň düzüminiň üýtgeýşigini yzarlamaga mümkinçilik berer.
2022-nji ýylda geçiriljek ilat ýazuwyna taýýarlygyň çäklerinde şu ýylyň aprelinde ÝUNFPA BMG-niň ýokary derejeli bilermenleriniň missiýasyny gurady.
