BIZNES

Türkmenistanda hususy oba hojalykçylaryň sany barha köpelýär

Türkmenistanda 2019-njy ýylda 31 sany, 2020-nji ýylda 33 sany oba hojalyk we azyk maksatly önümçilikler, şol sanda 6 sany maldarçylyk we 3 sany guşçulyk toplumy, 9 sany döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan ýyladyşhana, 12 sany miweli baglaryň, üzümiň we gök-bakja ekinleriniň ekin meýdany, 3 sany azyk ugurly desga işe girizildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan 2020-nji ýylda azyk önümleriniň 30-dan gowrak täze görnüşi çykaryldy. Şeýle hem geçen ýyl azyk önümlerini eksport etmekde öňki ýyldakydan 25,8 göterim ösüş gazanyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 12-nji oktýabryndaky Kararyna laýyklykda, daýhan birleşikleriniň jemi 111 917,9 gektar ýerleri 70 göterimine döwlet sargydy esasynda bugdaý we gowaça, galan 30 göterimine bolsa öz islegine görä dürli görnüşli ekinleri ekmek şerti bilen hususy taraplara berildi. Milletiň Lideriniň şol ýylyň 29-njy oktýabryndaky Kararyna laýyklykda bolsa, gök-bakjaçylyk daýhan birleşikleriniň jemi 19 383,22 gektar ýerleri gök-bakja we beýleki azyklyk ekinleri ekmek şerti bilen hususy taraplara berildi. Şol ýerlere miweli baglar, üzüm, ýeralma, sogan, gök, bakja ekinler, şeýle hem däneli ekinlerden şaly, mäş, künji ekilýär.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 31-nji ýanwaryndaky we 2020-nji ýylyň 9-njy oktýabryndaky Kararlaryna laýyklykda, TSTB-niň 268 sany agzasy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «John Deere» kompaniýasynyň dünýä meşhur tehnikalaryny we enjamlaryny satyn almak üçin şertnamalary baglaşdylar.

 

Iş bilen üpjünçiligi internet sahypasy hereket edýär

 

 

Ýene-de okaň

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler