JEMGYÝET

Türkmenistanda 2026-njy ýylyň ilkinji bäbegi Aşgabatda dünýä indi

Aşgabat şäherindäki Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinden täze ýylyň bagtyýarlyk, döwletlilik buşlukçysy bolan hoş habar gelip gowuşdy. Bu ýerde ýurdumyz boýunça «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ilkinji çaga dünýä indi.

Asylly däbe eýerip, oglanjyga onuň ata-enesi täze ýylyň ruhuna laýyk gelýän Atamyrat diýip at goýdy. Bedew batly ösüşlere beslenjek ýylymyzyň ilkinji gününi begenç-buýsanja beslän akja bäbek, Gaýypowlaryň agzybir maşgalasy bilen birlikde, ol ýerdäki ähli lukmanlaryň şatlygyny artdyrdy.

Uly ruhubelentlik, ajaýyp arzuw-umytlar bilen gadam basylan 2026-njy ýylyň ilkinji minutlarynda Aşgabat şäheriniň bagtyýar ýaşaýjylary — Şeker hem-de Emir Gaýypowlaryň ilkinji ogul perzende gözi düşdi.

Bu — döwletlilikden nyşan. «Döwletliden döwlet ýokar» diýlenine eýerip, Aşgabat şäherindäki Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň döwrebap binasynda agzybir maşgalanyň şatlygyna şärik bolan watandaşlarymyz täze doglan çagany ýüze syldylar. Onuň ýaşynyň uzyn bolmagy, il-güne gerekli gerçek ýigit bolup ýetişmegi baradaky ýagşydan-ýagşy arzuw-dilegler edildi.

Şeýle ajaýyp, guwandyryjy pursatlarda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan Gaýypowlaryň maşgalasyna gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy, gutlag sözleri, iň gowy arzuwlar aýdyldy.

Bu ajaýyp waka bolsa bagtyýar ata-enäniň ýürek buýsanjyny, şatlygyny has-da artdyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Ýusuf Azmun: täze kitap iňlis we türkmen dili üçin gymmatly gollanma

Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidentini Nowruz baýramy bilen gutlady