SPORT

Türkmenistan «Ýüpek ýoly-2023» halkara rallisine gatnaşýar

Tatarystan Respublikasynyň Müňýyllyk meýdançasynda «Ýüpek ýoly — 2023» halkara rallisiniň açylyş dabarasy guraldy. 93 ekipažy bir ýere jemlän iri awtomobil ýaryşynyň açylyşy gyzykly konsert maksatnamasy bilen başlandy.

Konsertden soň ýaryşa gatnaşýan ýurtlaryň baýdaklary getirildi. Ýaryşa gatnaşýan 21 ýurduň baýdaklarynyň arasynda Türkmenistanyň ýaşyl Tugunyň bardygyny aýratyn bellemek gerek.

Ralliniň açylyş dabarasynda Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow we beýleki ýolbaşçylar çykyş etdiler.

Şu gün — 7-nji iýulda ýaryşa gatnaşjak ekipažlar ralliniň ýörite niýetlenen bölegini geçerler. Olaryň şu günki geçmeli menzili 141 kilometre barabar bolar.

Bu rallä türkmen ekipažlarynyň üçüsi gatnaşyp, olar T2 görnüşinden bäsleşýärler. Ýaryşa gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynda bolýan türkmen toparyna ekipažlary düzýän sürüjilerden we şturmanlardan başga-da, mehanikleriň birnäçesi wekilçilik edýär.

Umuman, bu ralli Tatarystanyň paýtagty Kazan şäheri bilen Russiýa Federasiýasynyň Moskowa şäherlerini birleşdirip, Russiýanyň 13 sebitiniň üstünden geçer. 21 ýurtdan gelen türgenler 5 müň kilometrden gowrak menzil geçerler.

Ýene-de okaň

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy