BIZNES

Türkmenistan wodorod önümçiligi bilen hem gyzyklanýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynda gurlan iň döwrebap senagat toplumynyň — tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň işi bilen tanyşdy.

Şol tanyşlygyň barşynda geçirilen iş maslahatynda “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy N.Nyýazlyýew hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde alyp barýan syýasaty, himiýa pudagyny ösdürmekde edýän aladalary netijesinde, ýurdumyzyň himiýa senagatynyň ýylsaýyn ösüp, kämilleşýändigini aýtdy.

Ýurdumyzda uglewodorod serişdeleri diňe bir çig mal hökmünde eksport edilmek bilen çäklenmän, olary gaýtadan işlemegiň netijesinde, dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan birnäçe himiýa önümleri hem öndürilýär. Bu babatda kabul edilen Prezident we beýleki Döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, diňe soňky ýyllarda “Marykarbamid”, “Garabogazkarbamid”, Gyýanlydaky Polimer zawodlary we Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodlar ýaly ägirt uly taslamalar amala aşyryldy. Bu kärhanalaryň ählisi innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan, ekologik taýdan arassa önümçilikler hasaplanýar.

Şonuň ýaly-da, kabul edilen maksatnamalarda ýurdumyzda gazhimiýa senagatyny ösdürmek boýunça ýene-de birnäçe iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda bu taslamalary durmuşa geçirmek üçin dünýäniň ösen döwletleriniň öňdebaryjy kompaniýalary gyzyklanma bildirýärler.

Uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemegiň netijesinde, ýurdumyzda önümçiligi ýola goýlan ammiak, karbamid, polietilen we polipropilen, benzin ýaly himiýa önümçiliklerinden başga-da, metanol, poliwinilhlorid, poliwinilasetat, formaldegid we wodorod önümlerini öndürmäge hem uly mümkinçilikler bar.

GAZY GAÝTDAN IŞLEMEGIŇ 3 UGRY

Häzirki wagtda tebigy gazy çuňlaşdyryp gaýtadan işlemek ulgamynda esasy üç sany ugry aýratyn görkezmek bolar. Hususan-da, sintez gazyny emele getirmegiň esasynda, sintetiki ammiak we azotly dökünleriň önümçiligini ýola goýmak mümkin. Ikinji ugur dürli formaldegid şepbiklerini, plastmassany, emeli süýümleri hem-de beýleki önümleri taýýarlamakda giňden ulanylýan metanol önümçiligidir. Butan-propan goşundysyny almak bilen, olary önümleriň dürli görnüşlerini — naftany we sintetik kauçugy, tebigy gazy suwuklyga öwürmek tehnologiýasy boýunça ýokary hilli ýangyçlary, polietilen we polipropilen öndürmekde peýdalanyp bolar.

Mundan başga-da, dünýäniň ösen döwletlerinde geljegiň ýangyjy hökmünde strategiýasy işlenip taýýarlanan we giňden öwrenilýän wodorod önümçiligini hem ýola goýmak mümkinçilikleriniň üns merkezinde saklanmagynyň maksadalaýykdygy bellenildi.

 

 

Türkmen benzini Owganystana we Ýewropa iberilýär

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan Malaýziýa bilen oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlygyny giňelder

“Iran Agro Fud” atly Eýranyň 16-njy ýöriteleşdirilen sergisi geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Iran Agrofood» atly ýöriteleşdirilen sergi geçiriler

“Kudo Kudo” türk fasfud restorany Türkmenistanda

“Bloomberg”: Mask 400 milliard dollardan gowrak baýlygy bolan ilkinji adam