DÜNÝÄ

Türkmenistan we Gazagystan gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Türkmenistan bilen Gazagystanyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Hususan-da, bu duşuşykda Gazagystanyň Türkmenistanyň iri tebigy gaz käni bolan “Galkynyş” känini özleşdirmäge gatnaşmak mümkinçiligine seredildi.

Bu barada Gazagystanyň “НК QazaqGaz” paýdarlar jemgyýeti habar berdi. Duşuşykda türkmen tarapyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Aşyrguly Begliýew wekilçilik etdi.

Gazagystanyň wekiliýetiniň düzüminde Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary Galymžan Koýşybaýew, “НК QazaqGaz” paýdarlar jemgyýetiniň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Sanžar Žarkeşow we beýlekiler bar.

Taraplar gaz pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň strategiki ähmiýetini nygtadylar we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirdiler.

Ýene-de okaň

“Owganystan-Merkezi Aziýa” konsultatiw duşuşygy geçiriler

Türkmenistan 3 aýda 520 sany halkara duşuşyklaryny geçirdi

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy mejlisine gatnaşdy

Eýranyň Aşgabatdaky medeniýet merkezi surat çekmek bäsleşigini geçirýär

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «Energoprom-2026» Kazan forumyna gatnaşdy