JEMGYÝET

Türkmenistan we BMG uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrlar

2020-nji ýylyň 14-nji martynda “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi.

Bu resminama Türkmenistanyň we BMG-niň arasynda dürli ugurlar boýunça, şol sanda ykdysady durnuklylygyň we ösüşiň saklanylmagy, ilatyň durmuş hukuklarynyň goragy, saglygy goraýyş ulgamynyň kämilleşdirilmegi we ekologiki deňagramlylygynyň saklanylmagy ýaly ileri tutulýan ulgamlardaky özarahereketleriň mundan beýläk hem giňeldilmegine gönükdirilendir.

Dabaranyň başynda binanyň eýwanynda milli Liderimiziň jöwher paýhasyndan dörän kitaplarynyň sergisi gurnaldy. Sergide döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltlik eserleriniň aýratyn orun almagy bellärliklidir. Bu kitabyň birinji jildinde ýüzärligiň hem-de burçuň peýdalanylyşy, dermanlyk taýýarlanylyşy hem-de ulanylyş aýratynlyklary hakynda giňden beýan edilýär.

Çärä Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Mejlisiniň, Maliýe we ykdysadyýet, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak hem-de Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň, hukuk goraýjy edaralarynyň, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Türkmenistanda akkreditirlenen diplomartik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de ýerli we daşary ýurt habarçylary gatnaşdylar.

Çykyş edenler öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygynyň täze çarçuwaly Maksatnamasynyň BMG-nyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge has köp üns berýändigini bellediler. Şeýle hem, täze çarçuwaly Maksatnamada BMG-nyň köp sanly guramasynyň gatnaşmagyna degişlidigi nygtalýar. Bu, Türkmenistanyň BMG-nyň ýöriteleşdirilen guramalary bilen gatnaşyklarynyň giňelmeginiň we halkara hyzmatdaşlarynyň öňdebaryjy tejribesini we tekliplerini ulanmak arkaly umumy meseleleri çözmäge köptaraply çemeleşmegiň aýdyň subutnamasydyr.

Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasyna gol çekmek dabarasy geçirildi.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow hem-de BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Ý.Panowa köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Ýüzlenmäniň barşynda taraplar Türkmenistanyň we BMG-niň edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýete eýedigini nygtadylar, şeýle-de durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynyň Türkmenistanyň Hökümetiniň we BMG-niň ulgamynyň 2025-nji ýyla çenli bilelikdäki hereketleri üçin gollanma boljakdygyny aýratyn nygtadylar.

Şeýle-de çarçuwaly Maksatnamanyň gülläp ösýän, inklýuziw we durnukly Türkmenistanyň ösüşe bolan jemgyýetçilik ymtylyşyny aýdyň şöhlelendirmek bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň we BMG-niň ulgamynyň arasyndaky umumy nukdaýnazary we hyzmatdaşlygy tassyklaýandygy hem bellenilip geçildi.

Ýene-de okaň

“Ýylyň Sözüni” saýlana 1000 manat baýrak : “Makul Sözlük” teklip edýär

Türkmenistan “Merkezi Aziýa — ASEAN” formatyny döretmek başlangyjy öňe sürýär

Aşgabat-Daşoguz ugry boýunça goşmaça otly gatnawlary ýola goýuldy

“Arkadag” futbol kluby bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp boldy

Daşkent şäherinde “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň premýerasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär