JEMGYÝET

Türkmenistan uly şowhun bilen Täze ýyla gadam basdy

Türkmenistan döwletimiz uly şowhun we şatlyk-şagalaň bilen Täze, 2022-nji ýyla gadam basdy. Täze 2022-nji ýyla gadam basylmagy mynasybetli asmana atylan feýerwerkler baýramçylyk dabaralaryna aýratyn öwüşgin çaýdy. Şeýle hem feýerwerkler bilen asman giňişligine gurnalan lazer şoular hem aýratyn gyzyklanma döretdi.

Ýurdumyzyň teleýaýlymlarynda bellenilip geçilişi ýaly, ýurdumyzda Täze ýyla bagyşlanan dabaralary paýtagtymyz Aşgabatda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda giňden ýaýbaňlandyryldy.

Paýtagtymyz Aşgabatda “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň ýanyndaky meýdançada ýurdumyzyň Baş arçasy oturdyldy we şol ýerde baýramçylyk dabaralary guraldy. Ýurdumyzyň welaýatlarynda bolsa Täze ýyl arçalary “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň ýanyndaky meýdançada guraldy we şol ýerde baýramçylyk dabaralary geçirildi.

Täze ýyl dabaralarynyň çäklerinde paýtagtymyz Aşgabat bilen welaýatlaryň “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň ýanyndaky meýdançadan teleköpri guraldy. Welaýatlaryň ýaşuly wekilleri hormatly Prezidentimizi Täze ýyl baýramy bilen gutladylar, bagtyýar nesiller öz goşgularyny, welaýatyň sungat ussatlary bolsa aýdym-sazly çykyşlaryny ýerine ýetirdiler.

Soňra göni ýaýlymda “Oguzhan” köşkler toplumyndan hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagy alnyp berildi.

Milli Liderimiz öz Gutlag hatynda ýurdumyzyň halkyny ýetip gelen Täze, 2022-nji ýyl bilen gutlady. 2021-nji ýylda ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň, şeýle hem Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň giňden bellenilendigini belläp geçen milli Liderimiz umuman ata Watanymyzyň Garaşsyzlygyň 30 ýyllyk toýunyň uly dabaralara beslenip, taryhymyza altyn harplar bilen ýazylandygyny belledi.

Ýubileý ýylda gurlup işe girizilen diňe iri desgalaryň sanynyň 73-e ýetendigini bellän hormatly Prezidentimiz olaryň hatarynda Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat-Tejen bölegini, Kaka we Babadaýhan dokma toplumlaryny, Türkmenabat, Balkanabat we Daşoguz şäherlerinde “Türkmeniň ak öýi” binalary ýaly desgalary görkezmek bolýandygyny mälim etdi.

Döwlet Baştutanymyz ýubileý ýylymyzda dürli bag nahallarynyň 30 millionynyň ekilendigini belledi. Şeýle hem milli Liderimiz sagdyn durmuş we sport ulgamlaryna hem uly ähmiýet berilýändigini belläp, şu ýyl Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda gazanan üstünligimiziň has-da buýsandyrýandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Täze ýylda hem ýurdumyzda ähli ugurlarda özgertmeleriň dowam etdiriljekdigini, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak ugrunda tagalla ediljekdigini belledi.

Milli Liderimiziň Täze ýyl gutlagy tamamlanandan soňra sagadyň dili 12:00 görkezende asmana feýerwerkler atylyp başlandy we Türkmenistan 2022-nji ýyla, “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylyna gadam basdy.

2022-nji ýylda bize nämeler garaşýar?

 

Ýene-de okaň

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys

Türkmenistanyň Mejlisinde 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmaga bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistan Ýangy gala kanýonyny ÝUNESKO-nyň sanawyna hödürlär

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisi

«Sanly çözgüt – 2024»: innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň ýeňijileri sylaglandy