BIZNES

Türkmenistan täze awtobuslary satyn alýar

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, ýolagçylary gatnatmak boýunça ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň möçberini artdyrmak we hilini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenawtoulaglary” agentligine 1 müň sany “Toyota Coaster” kysymly orta synply awtobusy we 250 sany “Toyota Hiace” kysymly kiçi awtobusy, olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny we sarp ediş serişdelerini satyn almak barada Ýaponiýanyň “Sumitomo Corporation” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Related posts

Türkmenistanda hususylaşdyrmak işi: 32 desga hususylaşdyrylar

Ata Watan Eserleri

Hindistandan TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny çaltlandyrmaga uly gyzyklanma

Ata Watan Eserleri

Talyp karzy: “Daýhanbank” hödürleýär

Leave a Comment