JEMGYÝET

Türkmenistan «Russia Halal Expo» atly halkara sergisine gatnaşýar

“Russiýa – Yslam dünýäsi: Kazan Forum2023″ atly XIV halkara ykdysady foruma gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Kazana geldi.

Forumyň maksady Russiýanyň we Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň agza ýurtlarynyň söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, durmuş we medeni gatnaşyklaryny berkitmekden ybarat bolup durýar. Çäräniň maksatnamasyna onlarça sessiýalar girizildi, şol sanda, “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag ugrunyň ösdürilmegine bagyşlanan mowzuga-da serediler.

Türkmen tarapyndan forumyň işine Hökümet agzalary, birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralaryň, beýleki degişli düzümleriň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň Russiýadaky ilçisi gatnaşýarlar.

Saparyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň birnäçe resmi duşuşyklary meýilleşdirilýär. Forumyň çäklerinde halal önümçiligine bagyşlanan «Russia Halal Expo» atly halkara sergisi geçiriler. Onda Türkmenistanda öndürilen önümler hem görkezildi.

Serginiň açylyş dabarasyna Russiýanyň Tatarstan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow gatnaşdy.

Russiýanyň we Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň agza ýurtlarynyň Halkara ykdysady forumy ilkinji gezek 2009-njy ýylda geçirildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 2026-njy ýyl üçin diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri

Bernardo Silwa tomusda “Mançester Siti” toparyndan gider

Kristofer Wizda: “Makul Iňlisçe-Türkmençe” gollanma seýrek duş gelýän gymmatlyk

Owganystanyň başlangyjy bilen ilkinji “Owganystan–Merkezi Aziýa” konsultatiw dialogy ýola goýuldy

Ata Watan Eserleri

Milli Liderimiz Arkadag şäherindäki 30 müň orunlyk metjidiň gurluşygy bilen tanyşdy

Ata Watan Eserleri

«Jahan» döredijilik merkezi «Jahan» döredijilik we sport merkezi diýip atlandyrylar