BIZNES

Türkmenistan Özbegistanyň esasy söwda hyzmatdaşy

Şu ýylyň ýanwar-maý aýlary aralygynda Türkmenistan Özbegistanyň daşary söwda dolanyşygynda 7-nji orny eýeledi.

Özbegistanyň Statistika edarasynyň habar bermegine görä, hasabat döwründe iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 455.5 million dollara deň bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 23 göterim köpdür.

Degişli döwürde Türkmenistanyň Özbegistana eksporty 407.5 million dollara deň boldy. Bu görkeziji hem 36 göterim köpdür.

Şol döwürde Türkmenistanyň Özbegistandan importy 48 million dollara barabar boldy.

Özbegistanyň şu ýylyň 5 aýyndaky umumy daşary söwda dolanyşygy 26.7 milliard dollara deň boldy. 2023-nji ýylda Türkmenistan bilen Özbegistanyň daşary söwda dolanyşygy 1.09 milliard dollara barabar boldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder