DÜNÝÄ

Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömegini ugratdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Owganystana ynsanperwerlik kömegi ugradyldy. Bu bolsa goňşy ýurtda bolup geçen wakalardan soňra türkmen tarapynyň Owganystana ýollan ilkinji üpjünçiligi bolup durýandyr.

Dostlukly halkyň zerurlyklarynyň nazarda tutulmagy bilen, derman serişdeleriniň, lukmanlar üçin gorag eşikleriň we lukmançylyk esbaplarynyň, zyýansyzlandyryjy serişdeleriň, dermanlyk erginleriniň, gorag agyz-burun örtükleriniň, hirurgiki ellikleriň, koronawirus ýokanjynyň bejergisinde ulanylýan serişdeleriň hem-de dermanlaryň ýollanylandygyny bellemek möhümdir.

Ynsanperwerlik ýüküniň gowşurylyş dabarasy Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde bu sebitiň welaýat ýolbaşçylarynyň, şeýle-de ol ýerde ýaşaýan türkmenleriň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi. Owgan tarapy goňşy ýurda yzygiderli goldaw berýän Türkmenistanyň Hökümetine hem-de halkyna çuňňur minnetdarlyk sözlerini beýan etdi.

Energetika, ulag we aragatnaşyk ulgamynda geljegi uly taslamalaryň durmuşa geçirilmegi arkaly goňşy Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine ähmiýetli goşant goşýan Türkmenistan, Owganystandaky ýagdaýlaryň parahatçylykly ýollar bilen kadalaşdyrylmagy ugrunda ysnyşykly häsiýete eýe bolan halkara hyzmatdaşlygyny ilerletmegini dowam edýär.

 

“Windows” üçin Sözlük: “Makul Sözlük”

Ýene-de okaň

Eýranyň ilçihanasynyň medeniýet merkezinde Gurhan sergisi we agzaçar çäresi geçirildi.

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjan bilen Türkmenistan atçylyk sporty boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdy

Brýusselde Türkmenistanyň Mejlisiniň we Ýewropa Parlamentiniň 9-njy parlamentara duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokio şäherinde geçirilen «Salgyt we ösüş» atly mejlise gatnaşdy

Russiýa Türkmenistanyň başlangyçlaryny goldaýar

Türkmenistan bilen Pakistanyň zenan parlamentarileriniň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy