BIZNES

Türkmenistan Owganystana 1.8 milliard kWt/sagat möçberinde elektrik energiýasyny iberer

Türkmenistan Owganystana elektrik energiýanyň iberilýän möçberini artdyrmak hem-de diwersifikasiýa etmek üçin yzygiderli çäreleri görýär. Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça halkara elektroenergetika taslamalarynyň müdirliginiň başlygy Myrat Artykow türkmen-owgan işewürler forumynda bu barada giňişleýin maglumat berdi.

Häzirki wagtda Türkmenistanda Owganystana Kerki-Andhoý, Serhetabat-Hyrat, Serhetabat-turgundi, Rabatkaşan-Kalaýnau we Zelili-Akina ugurlary boýunça elektrik energiýasy iberilýär. Ýylyň-ýylyna elektrik energiýasynyň öberilýän möçberini artdyrmak ugrunda zerur işler geçirilýär.

2024-nji ýylda Türkmenistan doganlyk Owganystana 1 835 300 000 kWt/sagat möçberinde elektrik energiýasyny ibermegi meýilleşdirýär.

Owganystanyň Hyrat, Farah we Kandagar welaýatlaryndaky sarp edijileriň elektrik energiýa bolan zerurlyklaryny üpjün etmek, goňşy ýurduň durmuş-ykdysady ösüşine ýardam etmek hem-de ýurdy halkara hojalyk gatnaşyklaryna integrirlemek maksady bilen Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça halkara elektroenergetika taslamasyna dabalda berildi.

Taslamanyň maýadary hökmünde “Çalyk Holding” türk kompaniýays çykyş edýär. Kompaniýanyň hödürlän konsepsiýasyna laýyklykda, taslama 3 tapgyrda amala aşyrylar.

Ilkinji tapgyrda, Mary döwlet elektrik stansiýasyndan Hyrat welaýatyna çenli 375 kilometr uzynlygynda 220 kW güýjenmeli elektrik geçirijisi gurlar, ikinji tapgyrda Mary döwlet elektrik stansiýasyndan Pakistanyň Kwetta şäherine çenli 1150 kilometr uzynlygynda 500 kW güýjenmeli elektrik liniýasy çekiler, üçünji tapgyrda bolsa, Hyratdan Kandagar welaýatyna çenli 575 kilometr uzynlygynda 220 kW elektrik geçirijisi gurlar.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda “Galkynyş” töleg ulgamy işlenip düzüldi

Türkmenistan-Gazagystan-Russiýa-Eýran: dörttaraplaýyn duşuşyk

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Gazagystan demirýol arkaly ýük daşalyşyny artdyrar

Ata Watan Eserleri

Britaniýaly lord Merkezi Aziýa boýunça söwda wekili boldy

“Azerbaýjan-Merkezi Aziýa-Ýewropa” ýaşyl energiýa geçelgesi döredilýär

“Fitсh” agentligi Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna reýting berdi