SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistan otly we şäherara awtobus gatnawynda täze möhlet

Türkmenistana ýiti ýokan keselleriň gelmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen käbir çäklendirmeler dowam edýär. Şeýle çäklendirmeleriň esasynda ýolagçylara hyzmat edýän otly hem-de şäherara awtobus gatnawlary 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli togtadyldy. Bu barada “orient.tm” internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Mundan ozal habar berşimiz ýaly, otly hem-de şäherara awtobus gatnawlary 1-nji noýabra çenli togtadylypdy.

Aşgabat şäherine gelýän we welaýatara gatnaýan ýolagçylar üçin 2020-nji ýylyň 10-njy awgustyndan başlap, saglyk kepilnamasy esasynda hereket etmek düzgüni girizilýändigini habar berýäris. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň garamagyndaky edaralar tarapyndan 72 sagat möhlet bilen berlen saglyk kepilnamasy esasynda gatnawlar amala aşyrylýar.

Ýurduň içindäki otly  gatnawlaryndaky çäklendirmeler ilki başda, 16 ― 23-nji iýul aralygynda bolupdy.  Soňra bu çäklendirmeler 31-nji iýula çenli uzaldylypdy. Şondan soň gatnawlar 1-nji sentýabra, soňra 1-nji oktýabra çenli uzadylypdy. Iň soňky çäklendirmeler 1-nji noýabra çenlidi. Häzire çenli bu çäklendirmeler 1 aý möhlet bilen edilip gelinýärdi. Täze çäklendirmeler bolsa 2 aý möhlet bilen girizildi.

Häzirki wagtda halkara uçar gatnawlaryň hem çäklendirme möhleti 31-nji oktýabra çenli çäklendirilipdi.

Saýtymyzdaky habarlary aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň! Ýa-da Google Plaý-dan “Atavatan Turkmenistan” gözleg edip bilersiňiz.

Ýene-de okaň

Hytaýyň raýatlary Russiýa 30 gün möhlet bilen wizasyz girip bilerler

Russiýa bilen Saud Arabystany wiza talaplaryny özara ýatyrdylar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy TIACA-nyň işjeň agzasy boldy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat – Daşoguz uçuşlaryň sanyny artdyrýar

Haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna çagalara kardiohirurgiki we urologiki operasiýalar geçirildi

Ýaponiýaly lukmanlar Türkmenistanda saparda bolýarlar