DÜNÝÄ

Türkmenistan “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” 12-nji Tokio dialogy

Tokio şäherinde Ýaponiýanyň Daşary işler ministrligi bilen Ýaponiýanyň Global Forumynyň bilelikde guramagynda “Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlarynyň arabaglanşygy” mowzugy bilen “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” 12-nji Tokio dialogy geçirildi.

Dialogyň işine Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary, Ýaponiýanyň Global Forumynyň prezidenti, Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlaryndan gelen bilermenler, Ýaponiýada akkreditirlenen ilçihanalaryň wekilleri, Ýaponiýanyň döwlet edaralarynyň, ylmy institutlarynyň we işewürler jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar. Bu çäre onlaýn görnüşinde hem elýeterli edildi.

Türkmen tarapyndan Dialogda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekili çykyş edip, ýurdumyzda gümrük amallaryny ýeňilleşdirmek boýunça, şeýle hem ýurdumyzyň ulag ulgamyny ösdürmek, onuň maddy-tehniki binýadyny kämilleşdirmek, täze ulag-aragatnaşyk ulgamlarynyň ýola goýulmagy we öňküleriň giňeldilmegi, kämil ulag-logistika infrastrukturalarynyň ornaşdyrylmagy ugrunda alnyp barylýan işler barada gatnaşyjylara maglumat berdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary sport çärelerini gurnadylar

“Owganystan-Merkezi Aziýa” konsultatiw duşuşygy geçiriler

Türkmenistan 3 aýda 520 sany halkara duşuşyklaryny geçirdi

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy mejlisine gatnaşdy

Eýranyň Aşgabatdaky medeniýet merkezi surat çekmek bäsleşigini geçirýär

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşygy