SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistan Italiýa we Hytaýa ýük gatnawyny ýola goýar

“Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” bellenilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, 2023-nji ýylyň 16-njy iýulyndan başlap, “Türkmenistan” awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti “Airbus 330-200P2F” kysymly howa gämisinde hepdede 1 gezek uçuş ýygylygy bilen, Italiýa Respublikasynyň Milan we Hytaý Halk Respublikasynyň Şenžen şäherlerine ýük gatnawlaryny amala aşyrmagy meýilleşdirýär.

«Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny  ösdürmegiň 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we ýük gatnawlarynyň möçberlerini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 7-nji ýanwaryndaky  №2078 belgili Kararyna laýyklykda, Fransiýa Respublikasynyň «Airbus S.A.S» kompaniýasynyň «A330-200» kysymly ýük howa gämisiniň ikinjisi Aşgabat Halkara howa menziline  gelip gondy. Bu kysymly howa gämisiniň birinjisi 2023-nji ýylyň mart aýynyň 17-sine ýurdumyza getirilipdi.

 

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär