BILIM

Türkmenistan-Italiýa: bilim ulgamynda täze teklipler

Ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Halkara forumyň hem-de onuň bilen ugurdaş dabaralaryň çäklerinde Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew bilen Italiýanyň Aziýa institutynyň ýolbaşçysy Domeniko Palmieriniň arasynda netijeli duşuşyk boldy.

Taraplar türkmen-italýan gatnaşyklarynyň birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk hem-de taryhy-medeni umumylyklara esaslanýandygyny aýratyn nygtadylar. Duşuşygyň dowamynda bilim gatnaşyklaryny ösdürmek babatda agzalan teklipler, iki dostlukly ýurduň ynsanperwer ugurly hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmaga bolan islegleriniň sazlaşykly utgaşýandygyna şaýatlyk etdi.

Ministr hormatly myhmany Türkmenistanyň bilim ulgamynyň gurluşy, hususanda Ýewropadan, aýratyn hem Italiýadan gözbaş alyp gaýdýan bolon ulgamynyň ornaşdyrylyşy, Italiýanyň Perujiýa uniwersiteti bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyk, ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde italýan diliniň öwrendilişi barada tanyşdyrdy.

Şeýle hem, alnyp barylýan hyzmatdaşlygy ilerletmek maksatly birnäçe anyk teklipleri hödürledi. Hususanda, italiýaly arheologlaryň türkmen alymlary bilen bilelikde Türkmenistanyň çäklerinde uzak ýyllaryň dowamynda geçiren gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde taryhy gymmatlyklaryň tapylandygyny göz öňünde tutup, Magtymguly adyndaky TDU-nyň arheologiýa hünärinde okaýan talyplary üçin italýan arheologlary tarapyndan okuw sapaklarynyň geçirilmeginiň ýerlikli boljakdygy nygtaldy.

Şeýle hem, italýan dilini öwrenýän talyplar we mekdep okuwçylary üçin Italiýada tomusky okuwlaryň guralmagy, mugallym we talyp alyş-çalyşynyň artdyrylmagy, bilelikdäki ylmy barlaglaryň geçirilmegi, utgaşykly görnüşde dürli mazmunly maslahatlaryň guralmagy babatda hyzmatdaşlygyň täze ugurlary beýan edildi.

Domeniko Palmieri, hödürlenen teklipleri makullap, öz nobatynda Italiýanyň ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy artdyrmaga gönükdirilen oňaýly şertleriň döremegi, geljek ýyllaryň has hem netijeli häsiýete eýe bolmagy üçin öz tarapyndan ähli goldawlaryny bermäge taýýardygyny mälim etdi.

Italiýanyň Aziýa institutynyň ýolbaşçysy, Magtymguly Pyragynyň şygyrlar diwanynyň italýan diline terjime edilmeginde türkmen tarapy bilen işjeň hyzmatdaşlygyň alnyp barlandygyny belläp, Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynyň hem italýan diline terjime edilmeginde ýardam bermäge höwes bildirýändigini mälim etdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda pars dili boýunça Olimpiadany geçirmek teklip edildi

Ata Watan Eserleri

Eýranyň ilçisi pars dili hünärinde okaýan türkmen talyplary bilen duşuşdy

Westminster uniwersitetiniň professorlarynyň gatnaşmagynda hünär kämilleşdiriş okuwlary geçirildi

Arkadag şäherinde daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdep dörediler

“Makul Sözlük” Garward uniwersitetiniň kitaphana katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gyrgyzystanda 12 ýyllyk mekdebi gutarandygyny tassyklaýan ilkinji şahadatnamalar 2029-njy ýylda berler

Ata Watan Eserleri