BIZNES

Türkmenistan “Hytaý-Merkezi Aziýa” senagat we maýa goýum forumyna gatnaşýar

Şu günler Hytaý Halk Respublikasynda “Hytaý-Merkezi Aziýa” senagat we maýa goýum hyzmatdaşlygy forumy geçirilýär. Bu forum 16-17-nji fewral aralygynda geçirilip, oňa Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin özüniň gutlag hatyny iberdi.

Si Szinpin Hytaýyň senagat ulgamlary we öňdebaryjy tehnologiýalar babatda iri bazar bolup durýandygyny belläp, Mekrezi Aziýa döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini belledi.

Senagat ugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň möhüm bolup durýandygyny bellän Hytaýyň Başlygy döwletleriň senagat hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek bilen durnukly önümçilik we logistika ulgamyny üpjün etmäge mümkinçilik dörejekdigini belledi.

Bu forumyň çäklerinde Hytaýyň işewür düzümleri Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň işewürleri bilen ikiçäk duşuşyklary geçirerler.

Bu forum Hytaýyň gündogaryndaky Şandun welaýatynyň sindao şäherinde geçirilýär.

Related posts

Şarjada Türkmen–Emirlikler işewürler forumy geçiriler

Ata Watan Eserleri

“Lukoýl”: Hazar giňişligi boýunça täze taslamalary teklip etdi

Türkmenistan “ADIPEC 2023” sergisine gatnaşar

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment