JEMGYÝET

Türkmenistandan Türkiýä ynsanperwer ýüki iberildi

Türkmenistandan Türkiýe Respublikasyna nobatdaky ynsanperwer ýüki iberildi. Bu barada Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral “Twitter” jemgyýetçilik tory arkaly habar berdi.

Mälim bolşy ýaly, Türkiýe Respublikasynda bolup geçen güýçli ýertitreme giň möçberli weýrançylyklara getiripdi. Doganlyk Türkiýe Respublikasyna ilkinjileriň hatarynda kömek goluny uzadan Türkmenistandan eýýäm birnäçe ynsanperwer kömekleri ugradyldy.

Bu gezek Türkiýä 10 sany generator we 1500 ýyly odeýalolar iberildi. Bu ynsnaperwer ýüki Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynyň ýola goýan haýyr-sahawat işiniň netijesinde jemlendi. Bu ýük “Türk Howaýollary” awiakompaniýasy arkaly Türkiýä iberildi.

Türk diplomaty bu ynsanperwer ýüki üçin Türkmenistanyň raýatlaryna, Kärdeşler Arkalaşyklarynyň milli merkezine, Zenanlar birleşigine, türk kompaniýalarynyň işgärlerine öz minnetdarlygyny bildirdi.

 

Related posts

Valentina Matviyenko: Türkmenistan Asya sporunun merkezine dönüşüyor

vepa

Ýurdumyz boýunça 1,232 million tonna däne ýygnaldy

Türkmenistanda täze etrap häkimleri wezipä bellendi

Leave a Comment