BIZNES

Hindistan 250 sany uçar satyn alar

Hindistanyň “Air India Ltd” awiakompaniýasy Ýewropanyň “Airbus” awiagurluşyk konserninden 250 sany uçar satyn almagy meýilleşdirýär we bu ugurda degişli şertnama gol çekişdi.

“Blumberg” agentliginiň habar bermegine görä, Hindistanyň iri awiakompaniýasyna “A320neo” kysymly uçaryň 210-sy hem-de “A350” kysymly uçaryň 40 sany tabşyrylar.

Bu barada onlaýn geçirilen duşuşykda “Tata Group” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniňö ýolbaşçysy Natarajan Çandrasekaran belledi. Bu duşuşyga Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi we Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron hem gatnaşdy.

2021-nji ýylda “Tata Group” kompaniýasy “Air India” awiakompaniýasynyň paýnamasynyň bir bölegini satyn aldy. Şondan bäri hindi kompaniýasy awiakompaniýa 1,9 milliard dollar maýa goýum goýdy.

Şeýle hem “Air India” awiakompaniýasy “Airbus” kompaniýasynyň esasy bäsdeşi “Boeing” kompaniýasyndan hem uçar sargyt etmegi meýilleşdirýär.

Bu sargytlar Hindistanyň raýat awiasiýa pudagynyň taryhyndaky iň uly sargyt bolup, ol onlarça milliard dollara barabar bolar.

Ýakyn geljekde Hindistanyň raýat awiasiýasyna täze uçarlar zerur bolup durar. Ol hem ýurduň içerki bazaryndaky zerurlygy üpjün etmek üçin, şeýle hem könelişen uçarlary täzelemek üçin gerek bolar.

Ýene-de okaň

Hazar deňziniň türkmen bölegindäki uglewodorod ýataklaryny özleşdirmek dowam etdiriler

Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetini işläp düzmäge girişilýär

“Ak şäherim Aşgabat” halkara maýa goýum we tehnologiýa gepleşiklerini giňelder

Günorta Koreýanyň kompaniýalary Garagum kanalyny döwrebaplaşdyrmak taslamasyna gatnaşmaga gyzyklanma bildirýärler

Arkadag şäherinde goşa baýrama bagyşlanan dabaralar

Türkmenistan Hazaryň düýbi bilen çekiljek energiýa kabeli taslamasyna gatnaşmak mümkinçiligini öwrenýär