JEMGYÝET

Türkmenistan-Germaniýa: diplomatik gatnaşyklaryň 30-njy ýyly

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Olaf Şolsa hem-de ýurduň ähli halkyna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Milli Liderimiz birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk hem-de özara ynanyşmak esasynda ýola goýlan döwletara gatnaşyklarynyň ösüşiniň ýokary derejä çykandygyny kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistanyň özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy we bu gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

“Türkmenistan geçen ýyllaryň dowamynda Germaniýa bilen ýola goýlan döwletara gatnaşyklaryna ýokary baha berýär we bu gatnaşyklary ileri tutulýan ähli ugurlar boýunça ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär” diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda belledi. Hormatly Prezidentimiz hyzmatdaşlygy dürli ugurlarda, aýratyn-da, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk we özara ynanyşmak ýörelgeleri esasynda okgunly ösdürmek hem-de giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi we türkmen-german hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilip, onuň iki halkyň bähbidine täze sepgitleri eýelejekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Olaf Şolsa berk jan saglyk, bagt we abadançylyk, dostlukly ýurduň halkyna bolsa, parahatçylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

 

Türkmenistan-Fransiýa: diplomatik gatnaşyklara 30 ýyl doldy

Ýene-de okaň

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys

Türkmenistanyň Mejlisinde 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmaga bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistan Ýangy gala kanýonyny ÝUNESKO-nyň sanawyna hödürlär

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisi

«Sanly çözgüt – 2024»: innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň ýeňijileri sylaglandy