SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistan: COVID19 Halkara Webinarda we Neşirde

2020 nji ýylyň 13-nji iýunynda NusaDwipa Instituty tarapyndan gurnalan “Pandemiýa zamany we soňraky döwür üçin Malaý ýerli paýhasy” atly halkara webinary geçirildi. Bu webinarda Türkmenistandan, Ýaponiýadan, Malaziýadan, Taýlandan we Indoneziýadan alymlar öz makalalary bilen çykyş edip gatnaşdylar. Indoneziýanyň PGRI  Uniwersitetinden uçurum bolan Sosiologiýa Ylymlarynyň Magistri Wezir Aşyrnepesow ýurdumyzda alnyp barylýan oňyn syýasat we ösüşler hem-de hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda pandemiýa döwründe dünýä ýurtlaryna nusgalyk edilen işler barada maglumat berýän “Garaşsyz we hemişelik bitarap Türkmenistan COVID-19 wirsuynyň uly howpuna garşy göreşmek üçin  saglygy goraýyş ulgamynda Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk alyp barýar ” atly makalasy bilen çykyş etdi.

Bu halkara maslahaty pandemiýa garşy ýerli paýhasy Malaziýa, Taýland we Indaneziýa döwletlerindäki halkyň aňyna ýetirmek we COVID-19 pandemiýasy wagtynda mätäçlik çekýänlere haýyr-sahawat maksatly gurnaldy. Sebäbi Malaý däplerine esaslanýan bu 3 ýurt günorta-gündogar Aziýada bolup COVID-19 pidalary babatda agyr ýitgileri sezewar boldy. Ildeşimiz Türkmen halkynyň köneden gelýän däplerine eýerip mähriban halkymyzyň adyndan özüniň  goşandyny goşdy. Makalada Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň agyr koronawirus ýokançlygy bilen göreşýän Eýran halkyna zerur kömegi bermegi dowam etdirjekdigini we goňşy Eýrana ynsanperwerlik kömegi baradaky Karara gol çekendigi nygtalyp, bu ynsanpewer kömegiň goňşuçylyk we ýokary adamzat gymmatlyklaryna ygrarly, türkmen halkynyň esasy däpleriniň biridigi bellenip geçilýär.

Halkara neşirde öz beýanyny tapdy

Makala degişli maslahatyň ady bilen çap edilen “ISBN: 978-623-94243-0-5” belgili jurnalda neşir edildi.

Degişli iň täze habarlar

Iň Täze Habar COVID19: Türkmenistanda waka hasaba alynmady

COVID 19: Türkmenistan’da vaka saptanmady

DSÖ, koronavirüs girişini önlemek için alınan tüm önlemleri onaylıyor

Ýewropa sebitindäki COVID-19 keseliniň hasaba alynmadyk ýeke-täk ýurt

Туркменистан – единственная страна где не зарегистрировано случая заболевания вызванного COVID-19

Turkmenistan where no cases of diseases evolved from the COVID-19 were registered

 

Paylaşılan Sosyal Medya Hesaplarımız:

Resmi Twitter Hesabımız için

https://twitter.com/AtavatanJournal

Resmi Linkedin Hesabımız için :

https://www.linkedin.com/in/atavatan-turkmenistan-journal-91a056134/

Resmi  Facebook Hesabımız için  :

https://www.facebook.com/AtavatanTurkmenistanJournal/

Resmi Instagram Hesabımız için :

https://www.instagram.com/atavatanturkmenistan/

IMO +993 65 80 24 70

Beýleki habarlar

Koronawirus ýokanjy (COVID-19) näme?

COVID 19 haýsy üstlerde näçe wagt saklanýar?

COVID-19 barada biz nämeleri bilýäris?

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň bildirişi

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi: Maska dakmak we howpsuz aralygy saklamak

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň bildirişi

Otly gatnawlary wagtlaýyn duruzulýar

Türkiye-Türkmenistan uçuşlar başlıyor mu?’

Türkmenistan-Türkiýe uçuşlary haçan başlaýar

«Altyn asyr» Gündogar bazarynyň işi wagtlaýyn çäklendirilýär

Türkmenistan: Koronawirusyň täze görnüşiniň pandemiýasy

Ukraina Türkmenistan bilen howa gatnawlaryny dikeltmäge ymtylýar

Wirusa garşy derman serişdeleri satyn alynar

Пресс-Релиз :Коронавирус

Lukmançylyk agyz-burun örtüklerini (maska) ullanmak

COVID19 : Aşgabatda BSGG-nyň ÝSE-nyň wekiliýeti bilen gepleşikler

Immuniteti ýokarlandyrmagyň tebigy usullary

Ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak

Ýene-de okaň

Türkiyäniň syýahatçylyk pudagy rekord görkezijilere eýe bolýar

Ata Watan Eserleri

«Belawiýa» Türkmenbaşy bilen Minskiň arasyndaky uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Müsür gyzzyrmadan azat ýurt boldy

Mardiniň ajaýyp aşhanasyna we baý taryhyna syýahat

Türkmenanatda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana açyldy

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy