DÜNÝÄ

Türkmenistan-BMG: pandemiýa garşy maksatnama

«Bütindünýä pandemiýa bilen baglanşykly köpdürli töwekgelçilikleri we howplary azaltmak üçin habarlylygy ýokarlandyrmak we bu işe ýaşlary çekmek» atly BMG bilen bilelikdäki Maksatnama gol çekmek dabarasy geçirildi.

Türkmen tarapyndan Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň tarapyndan resminama gol çekdiler.

Bu taslama toplumlaýyn we adamlara gönükdirilen usullar arkaly adam howpsuzlygynyň üpjün edilmegi babatyndaky çemeleşmäniň nazarda tutulmagy bilen, ýerli derejede döwlet gullukçylarynyň mümkinçilikleriniň pugtalandyrylmagyna, şeýle-de bu ilatly nokatlarda Durmuş-ykdysady taýdan dessin çäreleri görmegiň Meýilnamasynyň amala aşyrylmagyny maksat edinýändir.

Mundan başga-da, maksatnama aýratyn alnan sebitleriň ýaşlarynyň durnuklylygyny ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen bolup, ýerli bileleşikleriň ösdürilmegine saldamly goşant goşmaga mümkinçilik berýändir.

Mälim bolşy ýaly, bu taslama Türkmenistanyň Hökümetiniň Birleşen Milletler Guramasy bilen milli derejede Durnukly Ösüş Maksatlarynyň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen bilelikdäki işleriniň çäklerinde amala aşyrylar.

Soňra Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy D.Şlapaçenko bilen duşuşygy geçirildi.

Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň Hökümetiniň Birleşen Milletler Guramasy bilen alyp barýan özara hereketleriniň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

22-nji sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Türkmenistan-ABŞ:söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça iş toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatda GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň duşuşygyna taýýarlyk boýunça Teswirnama gol çekildi

Aşgabatda “Yn­san­per­wer­lik ýo­ly” ady bi­len hal­ka­ra mas­la­hat ge­çi­ril­di

Türkmenistanyň we Özbegistanyň bilim ministrleriniň duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Deli şäherinde geçirilen halkara maslahata gatnaşdy

Buharestde atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy