DÜNÝÄ

Türkmenistan BMG-niň elektron ýol kitapçalary protokolyna goşular

Türkmenistan we Azerbaýjan BMG-niň Awtomobil ulaglary arkaly halkara ýük daşamak şertnamasy boýunça Konwensiýasynyň (CMR) elektron ýol kitapçalary boýunça protokolyna goşular. Bu barada Halkara awtomobil ulaglary birleşigi habar berýär.

Türkmenistan we Azerbaýjan halkara ýük geçirmek işinde resminama dolanyşygyny doly kagyzsyz görnüşe geçirdi. Gündogaryň we Günbataryň, Demirgazygyň we Günortanyň merkezinde ýerleşen Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň elektron ýol kitapçalary boýunça halkara protokola goşulmaklary halkara ýük daşalyşynyň we söwdanyň ýokarlanmagyna hem-de ýük daşamak işini sanlylaşdyrmaga ýardam eder. Kagyzsyz ýük daşamak işiniň ýola goýulmagy we elektron ýol kitapçalarynyň (e-CMR) işe girizilmegi ýük daşamak işinde resminama dolanyşygyny çaltlandyrýar we ýük daşalyşynyň tizleşmegine ýardam edýär.

BMG-niň Awtomobil ulaglary arkaly halkara ýük daşamak şertnamasy boýunça Konwensiýasynyň elektron görnüşi häzirki wagta çenli dünýäniň 34 döwleti tarapyndan kabul edildi.

Bu protokola Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň goşulmaklary ýurtlaryň halkara ulag we logistika merkezi hökmündäki ähmiýetlerini has-da artdyrar.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryna Atatürk adyndaky halkara parahatçylyk baýragyny gowşurdy

Nowruz baýramynda körpeler siz üçin şowhunly çykyşlar

Owganystanda TOPH gaz geçiriji taslamasy boýunça duşuşyk

Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda energetika hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Ilçisiniň Ýaponiýanyň atçylyk sport birleşiginiň ýolbaşçylary bilen duşuşygy geçirildi

Türkmenistan Tbiliside töleg boýunça okuw maslahatyna gatnaşdy