BILIM

Türkmenistan bilen Ýaponiýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hirosi Sasaki bilen Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň bilim ulgamynyň öňünde duran uzak sepgitleri nazarlaýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak maksatly duşuşdy.

Taraplar häzirki wagta çenli alnyp barylan netijeli gatnaşyklara ýokary baha berip, hyzmatdaşlygyň gerimini ýaýbaňlandyrmaga ýardam etjek geljekki taslamalar babatda pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň bilim ministri Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň aprel aýynda Ýaponiýa amala aşyran saparynyň dowamynda gazanylan ylalaşyklar netijesinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze many-mazmun bilen baýlaşýandygyny belledi. Şeýle hem ýurdumyzyň bilim edaralarynda ýapon dilini öwrenmäge gyzyklanmanyň barha artýandygy, häzirki wagtda birnäçe müň türkmen okuwçylarynyň we talyplarynyň bu dili höwes bilen öwrenýändikleri nygtalyp geçildi.

Duşuşykda esasy agzalan meseleleriň hatarynda, ýakyn geljekde meýilleşdirilýän wodorod energiýasy boýunça bilelikdäki okuw maksatnamalary, JICA we MEXT ýapon okuw maksatnamalary arkaly mugallymlaryň hem-de talyplaryň takyk ylymlar boýunça hünär taýýarlygyny artdyrmak, Türkmenistanyň ýapon dili öwredilýän ýokary we orta okuw mekdeplerinde utgaşykly esasda hyzmatdaşlygyň alnyp barylmagy, hususanda şu ýylyň 10-12-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata Ýaponiýanyň bilim wekilleriniň gatnaşmagy ýaly ugurlar boýunça teklipler beýan edildi.

Taraplar duşuşygyň ahyrynda öňde goýlan maksatlara ýetmekde ikitaraplaýyn goldawlaryň üznüksiz dowam etdiriljekdigini nygtap, bu babatda birek-birege şowlulyklary we üstünlikleri arzuw etdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Özbegistan: emeli aň boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirer

Türkmenistanly oglanyň esaslandyran startapy- «KinesteX» 8 million ABŞ dollary möçberinde bahalandyryldy

“Sanly çözgüt—2025” atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlenildi

Türkmenistanyň wekiliýeti «Hytaý diliniň Bütindünýä maslahaty-2025» atly halkara çärä gatnaşdy

Türkmen wekiliýeti Pekin halkara ylmy-barlaglar uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

«Sanly çözgüt – 2025» innowasion bäsleşigiň ýeňijileri yglan ediler