DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Özbegistan senagat hyzmatdaşlygyny ýola goýýar

Özbegistanyň Premýer-ministriniň orunbasary, maýa goýumlar we daşary söwda ministri Sardor Umurzakow Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Baýmyrat Annamämmedow bilen duşuşdy. bu barada Özbegistanyň degişli ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy. Taraplar iki döwletiň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň görkezijileriniň göze görnüp duran ösüşine ünsi çekdiler we mundan beýläk-de artdyrmak üçin bilelikdäki tagallalary güýçlendirmegiň tarapdary bolup durýandygyny belledi.

Soňky 4 ýylyň dowamynda türkmen-özbek haryt dolanyşygy 5 esse artyp, 2021-nji ýylda özara söwda bir öňki ýyl bilen deňeşdirilende, 65 göterim artdy. 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda geçirilen ýokary derejeli çäreleriň netijesinde gol çekilen birnäçe söwda şertnamalary amaly taýdan durmuşa geçirilýär.

Iki ýurduň çäginde ýerleşýän önümçilik desgalarynyň gatnaşmagynda senagat hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek we doly bahaly zynjyrlary döretmek boýunça çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Özbegistanyň we Türkmenistanyň ykdysadyýetleriniň bäsdeşlik artykmaçlyklary esasynda kesgitlenen täze geljegi uly ugurlarda senagat pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin teklipler öňe sürüldi.

Sebitara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň mehanizmlerine garaldy. Taraplar täze senagat hyzmatdaşlygy taslamalaryny we söwda şertnamalaryny ösdürmek üçin iki ýurduň sebitleriniň administrasiýalarynyň utgaşdyrylyşyny güýçlendirmek barada ylalaşdylar.

Azyk howpsuzlygy pudagynda tejribe alyşmak üçin Özbegistanyň we Türkmenistanyň ministrlikleriniň hem-de pudaklarynyň wekiliýetleriniň saparlaryny guramak üçin özara taýýarlyk bildirildi.

 

Moskwa-Türkmenabat ugry boýunça ýörite gatnaw

Ýene-de okaň

Täjigistanda ýylyň şygaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Ata Watan Eserleri

Köneürgenç etraby 2025-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap diýlip yglan edildi

Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri wezipesinden boşadyldy

Türkmenistandan «EKSPO — 2030» sergisine gyzyklanma

Türkmenistanyň wekiliýeti Çaga zähmetini aradan aýyrmak boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşdy

Rumyniýanyň döwlet sekretary bilen duşuşyk