BILIM

Türkmenistan bilen KU Leuven uniwersiteti hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçisi Sapar Palwanow KU Leuven uniwersitetiniň (Lýowen katolik uniwersiteti) akademiki diplomatiýa boýunça ýolbaşçysy jenap Bart Hendriks bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda jenap Hendriks uniwersitetiň halkara we ylmy-barlag ugurly işiniň aýratynlyklary bilen tanyşdyrdy hem-de KU Leuveniň ýokary ylmy işjeňligini, şeýle hem “Horizon Europe” maksatnamasyny goşmak bilen, Ýewropanyň ylmy-barlag maksatnamalaryna giňden gatnaşýandygyny belledi.

Şeýle-de ol Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen gatnaşyklary ösdürmäge bolan gyzyklanmanyň artýandygyny we sebitde bolup geçýän ýagdaýlara has çuňňur düşünmäge ymtylýandygyny nygtady.

Öz gezeginde Ilçi häzirki zaman halkara gün tertibinde Merkezi Aziýanyň ornuna degişli garaýşyny beýan etdi, Türkmenistanyň taryhy-medeni mirasyna, diplomatik gullugyň aýratynlyklaryna hem-de parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryna degip geçdi.

Duşuşykda milli bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna aýratyn üns berildi. Ilçi suw serişdelerini tygşytlamak, howa üýtgemeleri boýunça barlaglar, ekologiýa hem-de häzirki zaman tehnologik başarnyklary ýaly amaly ugurlarda ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamagyň Türkmenistanyň strategik ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi.

Şu nukdaýnazardan, geçen ýyl Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylmagynyň ýurtda amaly ugrukdyrylan bilimi ösdürmek hem-de akademiki gurşaw bilen ykdysadyýetiň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan yzygiderli syýasatyň beýanydygy nygtaldy.

Türkmen tarapy tarapyndan öňe sürlen esasy başlangyç Türkmenistanyň degişli edaralary bilen KU Leuven uniwersitetiniň arasynda durnukly hyzmatdaşlyk meýdançasyny döretmek boldy. Ilçi hyzmatdaşlyga institusional esas döretmäge, şol sanda mümkin bolan şertnamalaýyn mehanizmleri işläp taýýarlamaga taýýardygyny beýan etdi. Bu bolsa hyzmatdaşlyga ulgamlaýyn we uzak möhletleýin häsiýet berer.

Öz nobatynda jenap Hendriks hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmäge goldaw bermäge taýýardygyny tassyklady hem-de hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri boýunça umumy garaýşy taýýarlamagyň möhümdigini belledi.

Onuň bellemegine görä, bu ýagdaý uniwersitetiň degişli akademiki bölümlerine hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini anyk seljermäge we bilelikdäki işiň amaly görnüşlerini kesgitlemäge mümkinçilik berer.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar geçen ýyl Ilçiniň uniwersitetiň talyplarynyň öňünde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyna bagyşlanan leksiýa bilen çykyş etmeginiň oňyn tejribesini kanagatlanma bilen bellediler. Bu çäre talyplaryň arasynda uly gyzyklanma döredip, ýurduň daşary syýasat filosofiýasyna has çuňňur düşünmäge hem-de ynsanperwer gatnaşyklary berkitmäge ýardam berýän netijeli akademiki dialogyň aýdyň mysaly boldy.

Ýene-de okaň

Eýranly mugallymlaryň gatnaşmagynda pars dili boýunça hünär kämilleşdiriş okuw sapaklary başlady

HNGU-da “Sessiz awtomatizasiýa: netijeliligiň täze tapgyry” atly leksiýa guraldy

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäherinde Garward ýaly uly uniwersitetlerde okamak mümkinçiligi boljak iňlis dilli mekdebi açylar

Türkmen ýaşlarynyň dykgatyna: Rumyniýada okamak üçin resminamalar kabul edilip başlanýar

Türkmen ýaşlary Rumyniýanyň uniwersitetlerine okuwa iberiler

Ata Watan Eserleri

Türkmen ýaşlarynyň Astanadaky üstünligi