DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Katar sport we ýaşlar syýasaty ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi ara alyp maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow Kataryň sport we ýaşlar ministriniň orunbasary Ýasser bin Abdullah Al Jamal bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň barşynda ilçi söhbetdeşini ýurdumyzda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilendigi, şeýle-de döwlet Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda geçirilýän ýokary derejeli çäreler bilen tanyşdyrdy.

Şeýle hem taraplar Türkmenistan bilen Kataryň arasynda ýaşlar we sport ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Related posts

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasynda Medeniýet günleri geçiriler

Baku Tv Ata Watan Media-nyň baş redaktory bilen söhbetdeş boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan’dan, Kofi Annan’ın vefatı nedeniyle taziye mesajı

vepa