BIZNES

Türkmenistan bilen Gyrgyzystan üstaşyr ýük daşamak üçin rugsatnamalary ýatyrmagy maslahatlaşýar

Gyrgyzystan bilen Türkmenistan ýükleriň ikitaraplaýyn üstaşyr geçirilmegi üçin rugsatnamalary ýatyrmagyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşýarlar – diýip Gyrgyzystanyň Ulag we aragatnaşyk ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Bu barada Gyrgyzystanyň ulag we aragatnaşyk ministri Tilek Tekebaýew bilen Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky ilçisi Nury Golliýewiň arasynda geçirilen gepleşiklerde maslahatlaşyldy.

Şeýle hem taraplar Gyrgyzystanyň ýük daşaýjylarynyň Türkmenistanyň çäginde awtomobil ulaglary üçin üstaşyr ýygymlar, ýyllyk wiza resminamasyny we gyrgyz ýük daşaýjylar üçin wiza nyrhlarynyň arzanladylmagy mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Türkmen ilçisi öz gezeginde Türkmenistanyň Gyrgyzystan bilen ulag ulgamynda, şeýle hem Aziýa-Ýewropa, Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgeleri boýunça hyzmatdaşlyk we tejribe paýlaşmak babatda hyzmatdaşlyga taýýardygyny belledi.

Şeýle hem öňde boljak hökümetara toparyň mejlisinde ýokarda agzalýan meseleleriň ara alyp maslahatlaşyljakdygyny mälim etdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda “Galkynyş” töleg ulgamy işlenip düzüldi

Türkmenistan-Gazagystan-Russiýa-Eýran: dörttaraplaýyn duşuşyk

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Gazagystan demirýol arkaly ýük daşalyşyny artdyrar

Ata Watan Eserleri

Britaniýaly lord Merkezi Aziýa boýunça söwda wekili boldy

“Azerbaýjan-Merkezi Aziýa-Ýewropa” ýaşyl energiýa geçelgesi döredilýär

“Fitсh” agentligi Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna reýting berdi