BIZNES

Türkmenistan bilen Eýran söwda gatnaşyklaryny işjeňleşdirýär

Eýran Yslam Respublikasynyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň häkimi Mohammad Reza Huseýnnejadyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanda saparda bolup, iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklary ösdürmäge degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Eýranyň metbugatynyň habar bermegine görä, geçirilen gepleşikleriň esasy ugurlarynyň biri, ýurtlaryň arasynda söwda gatnaşyklaryny ösdürmek maksady bilen serhetýaka hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselesi boldy.

Ikitaraplaýyn duşuşyga gatnaşyjylar hususy pudagyň gatnaşmagynda bilelikdäki söwda we ykdysady taslamalary durmuşa geçirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Lukmançylyk, üzümçilik, oba hojalygy, ýöriteleşdirilen sergileri guramak we ş.m. hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin mümkin bolan ugurlaryň hataryna goşuldy.

Taraplar şeýle hem şu ýylyň iýun aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Eýrana resmi sapary wagtynda goňşy döwletleriň arasynda gol çekilen ähtnamalaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etjek bilelikdäki komitetiň döredilmegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Eýranyň wekiliýeti Aal welaýatynyň häkimliginde gepleşikler geçirdi. Mundan başga-da, goňşy ýurduň wekiliýeti  Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda “Türkmen aýna önümleri” zawodynda hem-de Babadaýhan dokma toplumynda bolup, bu iri senagat desgalarynyň kuwwaty we önümçilikleri bilen tanyşdylar.

Ýene-de okaň

“EKSPO-2027”: “Türkmenistan-parahatçylygyň owazy, saglygyň mekany” diýen şygar bilen gatnaşar

2026-njy ýylda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda iri taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda ýasy ýaprakly senna tohumyndan kofe taýýarlandy

Türkmenistanda iki aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi

Hytaý milliarderleriň sany boýunça ýene-de dünýä lideri boldy