DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Bahreýn hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

2020-nji ýylyň 22-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň Bahreýn Patyşalygynyň Daşary işler ministriniň halkara işleri boýunça orunbasary Şeýh Abdulla bin Ahmed bin Abdulla Al Halifa bilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we daşary syýasy edaralaryň arasyndaky işjeň gatnaşyklaryň wajyplygy barada belläp geçdiler. Taraplar parlamentara gatnaşyklar we olary giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Bitaraplyk derejesine laýyklykda Türkmenistanyň alyp barýan sebitde durnuklylygy, howpsuzlygy we ykdysady ösüşi saklamaga uly goşant goşýan daşary syýasy işiniň wajyplygy barada bellenip geçildi. Taraplar halkara guramalaryň, hususan-da BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini bellediler. Şu ýylyň iýul aýynda geçirilen Türkmenistan bilen Bahreýniň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň geňeşmeleriniň dowamynda ýetilen ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine aýratyn üns berildi.

Diplomatlar Ykdysady, söwda, ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-bahreýn toparynyň ähmiýetini aýratyn bellediler. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň işewürler toparynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçiliklerine, şol sanda maýa goýumlary çekmek, işewürler forumlaryny geçirmek, nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine seredildi.

Ýene-de okaň

Aşgabatda “Yn­san­per­wer­lik ýo­ly” ady bi­len hal­ka­ra mas­la­hat ge­çi­ril­di

Türkmenistanyň we Özbegistanyň bilim ministrleriniň duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Deli şäherinde geçirilen halkara maslahata gatnaşdy

Buharestde atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň mejlisine taýýarlyk görýär

Türkmenistan wekiliýeti Parižde ÝUNESKO-nyň çärelerine gatnaşdy