SIZDEN GELENLER

Türkmenistan-Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi: hyzmatdaşlygyň täze nusgasy

Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk we “Açyk gapylar” ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirip, dünýäniň ähli ýurtlary, şol sanda arap dünýäsiniň döwletleri bilen deňhukukly, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýar. Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlar bilen däp bolan gatnaşyklar munuň aýdyň mysallarynyň biridir. Şol gatnaşyklar taraplaryň hoşmeýilli erk-islegi bilen berkidilendir.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli hem-de döredijilikli daşary syýasaty barha rowaçlanýar. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda «Bitarap Türkmenistanyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilip, sebit we halkara derejede hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça köptaraplaýyn görnüşde alnyp barylýan işler netijeli häsiýete eýe bolýar. Şonuň esasynda dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklaryň gerimi has-da giňelip, ýurdumyzyň halkara bileleşikdäki orny yzygiderli pugtalanýar.

Türkmenistanyň Ýakyn Gündogaryň beýleki ýurtlary, hususan-da, Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlar bilen gatnaşyklary ilkibaşdan dostluk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda guralýar. Hormatly Prezidentimiziň şu ýyl, degişlilikde, Bahreýn Patyşalygyna, Katar Döwletine amala aşyran resmi we döwlet saparlary, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmekde möhüm ädim boldy.

Ýurdumyzyň Merkezi Aziýanyň döwletleri bilen gatnaşyklary taryhyň dowamynda emele gelen hoşniýetli goňşuçylyk, doganlyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylda Täjigistan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň netijeleri munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ýeri gelende bellesek, 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde Aýlag döwletleriniň hyzmatdaşlyk Geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň ilkinji duşuşygy geçirilipdi. Şol duşuşykda söwda, maýa goýum, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gönükdirilen 2023 — 2027-nji ýyllar üçin Bilelikdäki Hereketleriň meýilnamasy kabul edilipdi.

Mundan başga-da, geçen ýylyň awgust aýynda Türkmenistan bilen Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilipdi. Bu resminama taraplaryň arasynda söwda we ykdysady, energetika, suw üpjünçiligi hem-de azyk howpsuzlygy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmagy göz öňünde tutýar.

Aýlagdaky Arap Döwletleriniň Hyzmatdaşlyk Geňeşi — düzümine Bahreýn, Kuweýt, Oman, Katar, Saud Arabystany we Birleşen Arap Emirlikleri girýän sebitleýin hökümetara, syýasy we ykdysady bileleşikdir. Ştab-kwartirasy Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýadda ýerleşen gurama 1981-nji ýylyň 25-nji maýynda döredildi.

Gülnur Hojaýewa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby. 

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri