BILIM

“Türkmenistan” awiakompaniýasy: uçarbeletlik üçin dalaşgärleri okuwa çagyrýar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti dalaşgärleri öňünden saýlap seçmek bilen, dowamlylygy 6 aý möhleti bolan uçarbeletleriň ilki başlangyç okuwyna kabul edilşigi yglan edýär.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti dalaşgärleri öňünden saýlap seçmek bilen, dowamlylygy 6 aý möhleti bolan uçarbeletleriň ilki başlangyç okuwyna kabul edilşigi yglan edýär. Okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.

Resminamalar görkezilen salgy boýunça kabul edilýär: Howa menzili, “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +99312-37-85-50; +99312-37-85-41; +99365 -72-58-43

Dalaşgär üçin maglumat:

– Türkmenistan raýatlylygynyň bolmagy;
– Aşgabat şäherinde salgyda durmagy (Ahal welaýatynyň Akbugdaý, Gökdepe etraplaryna rugsat berilýär);
– ýaşy 27-den geçmedik gyzlar hem ýigitler;
– ýokary bilim baradaky resminamanyň bolmagy;
– boýunyň 165 sm-den pes bolmazlygy;
– türkmen we rus dillerini erkin bilmegi;
– Elementary derejeden pes bolmadyk derejede iňlis dil bilimi;
– beýleki daşary ýurt dil bilimi makullanýar;
– mylaýym daş görnüş;
– düşnükli/aýdyň sözleýiş;
– alçaklyk;
– suwda ýüzmek ukyby;
– harby şahadatnamasynyň bolmagy (ýigitler Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenden soň);
– hyzmat ediş pudagynda işlemek islegi;

Zerur resminamalar:

1. Pasport
2. Diplom
3. Işleýänler üçin zähmet depderçesi;
4. Harby şahadatnama
5. Soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama

Okuw söhbetdeşlikden we lukmançylyk toparynyň barlagyndan soň başlanýar.

Resminamalar 2025-nji ýylyň noýabr aýynyň 5-ne çenli kabul edilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda kükürtden boýag serişdelerini almagyň tehnologiýasy işlenip düzüldi

Stanford uniwersitetiniň kitaphana katalogyna “Makul Sözlük” girizildi

Ýapon dili boýunça okuw sapagy geçirildi

Ýapon dilinde suhangöýlük sungaty boýunça XVIII bäsleşik geçirildi

Türkmen diplomaty rumyn uniwersiteti bilen bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň raýatlary üçin Hytaýda talyp hakly okamak mümkinçiligi