SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Russiýa gatnawlarynda güýz-gyş meýilnamasyna geçilýär

“Türkmenistan” awiakompaniýasy 2022-nji ýylyň 30-njy oktýabryndan Russiýa ugry boýunça uçar gatnawlarynyň güýz-gyş meýilnamasyna geçýär. Bu ugurdaky gatnawlaryň rejesi 2023-nji ýylyň 25-nji martyna çenli dowam eder. Bu barada “Türkmenportal” neşiri awiakompaniýasynyň jemgyýetçilik toruna salgylanyp habar berýär.

Berlen maglumata görä, güýz-gyş rejesinde Russiýa ugry boýunça gidiş  we gaýdyş ugurly gatnawlar saklanyp galnar.

Bu döwürde Moskwadan uçar gatnawy Tükrmenbaşy şäherine, Kazandan bolsa Türkmenabat şäherine gatnawlar ýerine ýetiriler.

Täze gatnaw rejesi şu ýagdaýda bolar.

Moskwa — Тürkmenbaşy

  • T5704 — çarşenbe güni uçuş 00:15, gaýdyş 05:35.
  • T5710 — anna güni uçuş 10:35, gaýdyş 15:55.

Kazan — Тürkmenabat

  • T5736 — duşenbe güni uçuş 00:35, gaýdyş 06:05.
  • T5738 — penşenbe güni uçuş 11:00, gaýdyş 16:30.

Bu gatnawlar üçin awiabiletleri “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň Rusisýa Federasiýasyndaky internet saýtyndan, şeýle hem avia@itmgroup.ru elektron poçta hat ugratmak hem-de awiakompaniýanyň şu aşakdaky salgylardaky kassalaryndan satyn almak bolar.

  • RF, Тatarystan, Kazan, Dekabrtisler köçesi, 85B jaýy, BS «Relita», 210M-nji otag (Kozýa Sloboda metrosy).
    Iş wagty: duşenbe-anna günleri 09:00-dan 18:00-a çenli. Arakesme 12:00-dan 13:00-a çenli.
    Telefon: +78435005531
  • RF, Moskwa oblasty, Domodedowa aeroporty, halkara gatnawlar bölümi, kassa № 49.
    Iş wagty: her gün 10:00-dan 19:00-a çenli.
  • RF, Sankt-Peterburg, Aleksandr Newskiý meýdany 2-nji jaý, lit Е, 3-nji geçelge, 1-nji gat.
    Iş wagty: her gün 09:00-dan 19:00-a çenli.
    Telefon: +79312221266
    E-poçta: avialed.ticketing@gmail.com

Ýolagçylar özlerini gyzyklanýandyrýan maglumatlary “Aý-Ti-eM-Demirgazyk”  syýahatçylyk kompaniýasyndan alyp bilerler.

  • +78124599899
    elektron-poçta: avia@itmgroup.ru
    her gün 10:00-dan 19:00-a çenli.

Ýene-de okaň

Türkmenistan we Ýaponiýa göni howa gatnawlary barada maslahat etdi

Astrahan Türkmenistan bilen uçar gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

“S7” awiakompaniýasy Moskwa-Aşgabat-Moskwa ugry boýunça howa gatnawlary ýerine ýetirip başlady

Aşgabat-Stambul-Aşgabat gatnawynda bilet arzanladyşy

Ata Watan Eserleri

Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasy bir hepdelik wiza resmileşdirmegi togtadýar

Türkmen lukmanlary halkara tejribesini artdyrýarlar

Ata Watan Eserleri