DÜNÝÄ

Türkmenistan-ABŞ:söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça iş toparynyň mejlisi geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça iş toparynyň mejlisi geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen ABŞ-niň arasynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşler dürli derejelerde yzygiderli we mazmunly gepleşikleri alyp barmagyň möhümdigini nygtadylar hem-de agzalan ugurda hereket edýän hyzmatdaşlyk mehanizmleriniň ýokary netijeliligini bellediler. Hususan-da, Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň işiniň, şol sanda onuň her ýyl geçirilýän mejlisleriniň netijeliligi aýratyn nygtaldy.

Gepleşikleriň dowamynda maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek, şeýle hem amerikan kompaniýalarynyň gatnaşmagynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berildi. Geçen ýylyň netijeleri boýunça bu ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini we amaly gatnaşyklaryň giňeldilýändigini görkezýän oňyn netijeleriň gazanylandygy bellenildi.

Taraplar ikitaraplaýyn ykdysady gün tertibiniň uly mümkinçiliklere eýedigini beýan etdiler. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak üçin şol mümkinçilikleri netijeli peýdalanmagyň, şeýle hem durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek we özara söwda dolanyşygyny diwersifikasiýalaşdyrmak maksady bilen bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmagyň möhümdigi nygtaldy.

Ýene-de okaň

Gyrgyzystan ilkinji gezek milli puluny özbaşdak çap etdi

Aşgabatda GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň duşuşygyna taýýarlyk boýunça Teswirnama gol çekildi

Aşgabatda “Yn­san­per­wer­lik ýo­ly” ady bi­len hal­ka­ra mas­la­hat ge­çi­ril­di

Türkmenistanyň we Özbegistanyň bilim ministrleriniň duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Deli şäherinde geçirilen halkara maslahata gatnaşdy

Buharestde atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy