BIZNES

Türkmenistan 2024-nji ýyldaky eksporty 12 milliard dollardan geçdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2024-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.

Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, halkymyzyň tutanýerli zähmeti netijesinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda uly üstünlikleriň gazanylandygyny, bellenen meýilnamalaryň ýerine ýetirilendigini, döwrebap kanunlary taýýarlamak hem-de durmuşa ornaşdyrmak boýunça işleriň dowam etdirilendigini belledi.

Ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depginini saklap galdyk. Jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim, şol sanda senagatda 1,5 göterim, söwdada 10,1 göterim, oba hojalygynda bolsa 5,3 göterim boldy. Maýa goýumlar 9,1 göterim artdy. Hasabat döwründe jemi 5 müň 735 sany täze iş orny döredildi. Ýurdumyzda öndürilen önümleriň eksport edilen möçberi 12 milliard amerikan dollaryndan gowrak boldy diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Geçen ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 86 sany önümçilik we medeni-durmuş maksatly desga, umumy meýdany 1 million 145 müň inedördül metre deň bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary