Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň arap dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi hem-de oňa ýurdumyzyň gazet-žurnallarynyň baş redaktorlary, ýerli ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary hem-de talyplary, şeýle-de milli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mundan başga-da, bu çärä sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Birleşen Arap Emirlikleriniň ylmy işgärleri gatnaşdy.
Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň rektory A.Nuwwaýewiň, «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň baş redaktory R.Gylyjowyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alym kätibi, taryh ylymlarynyň kandidaty K.Janbekowyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Abdulaziz Al-Haşeminiň, şeýle hem wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Birleşen Arap Emirlikleriniň «Orient Consulting and Legal Translation» kompaniýasynyň Baş dolandyrjysy Safa Mahmud Al Jabaniniň çykyşlary diňlenildi.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň barşynda, arap dilinde çapdan çykan bu kitabyň arap ýurtlarynyň halklary üçin türkmen halkynyň baý taryhy we medeni mirasy, asylly ýörelgeleri hem-de milli däpleri hakynda maglumatlary ene dilinde okamaga mümkinçilikdigi barada bellenildi. Şeýle hem bu neşiriň özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýän, türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň ýene bir aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Bu ugurda Abdulaziz Al-Haşemi Türkmenistanyň we BAE-niň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlarda yzygiderli ösdürilýändigi barada belledi. Şeýle-de ol kitapda öz beýanyny tapan, adamlaryň, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklarynyň berkitmek pikiri barada nygtady.
Öz çykyşynda Safa Mahmud Al Jabani Türkmenistanyň Prezidentiniň öz kitabynda garaşsyzlyk hem-de bitaraplyk derejelerine esaslanýan türkmen döwletiniň özboluşly gurluşyny aýdyň açyp görkezýändigi barada nygtap geçdi. Kitapda ata-babalarymyzyň durmuşyndan birnäçe mysallar getirilip, meşhur akyldarlaryň bilimiň, sözüň we galamyň güýji bilen edermenlige iterýän dana sözleri barada gürrüň edilýär.
Bu kitabyň eýýam hytaý, ýapon, rus, azerbaýjan, gruzin, ukrain we türk dillerinde terjime edilendigini bellemek gerek. Milli Liderimiz çuň many-mazmunly eseriniň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynyň arap dilinde hem neşir edilmegi halkymyzyň taryhyna, däp-dessurlaryna hem-de baý mirasyna ählumumy gyzyklanmanyň barha artýandygynyň subutnamasydyr.
Şeýlelikde, daşary ýurtly okyjylar türkmen halkynyň medeniýeti, onuň filosifiýasy, özboluşlylygy, parasatly ahlak pähim-paýhaslary barada gözýetimini has-da giňeltmäge ýene-de bir ajaýyp mümkinçiligi aldylar. Munuň özi, gürrüňsiz, Türkmenistanyň arap dünýäsiniň ýurtlary bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we ösdürmäge ýardam eder.
Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!