BILIM

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebi

2020/2021-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

  1. Ener­gi­ýa ho­ja­ly­gy we elekt­rik üp­jün­çi­li­gi.
  2. Hi­mi­ýa, ne­bi­ti we ga­zy gaýta­dan iş­le­ýän se­na­gat kär­ha­na­lary­nyň en­jam­la­ry­na teh­ni­ki hyz­mat et­mek we ola­ry abat­la­mak.
  3. Yk­dy­sa­dy­ýet we me­ýil­na­malaş­dy­ryş.
  4. Suw üp­jün­çi­li­gi we la­gym suw­la­ry­ny ak­dy­ryş.
  5. Dok­ma­çy­lyk we ýe­ňil se­nagat önüm­çi­li­gi­niň teh­no­lo­gi­ýa­sy.
  6. Buh­gal­ter­çi­lik ha­sa­ba al­ny­şy we au­dit.
  7. Or­ga­ni­ki däl mad­da­la­ryň himi­ki teh­no­lo­gi­ýa­sy.
  8. Teh­no­lo­gi­ki pro­ses­le­riň we önüm­çi­lik­le­riň aw­to­ma­ti­za­si­ýa­sy.
  9. Adat­dan da­şa­ry ýag­daý­lar dö­rän­de go­ra­mak.
  10. Se­na­gat we ra­ýat jaý gurlu­şy­gy.
  11. Gur­lu­şyk-ýol ma­şyn­la­ry we en­jam­la­ry.

Or­ta hü­när okuw mek­de­bi­ne Türkme­nis­ta­nyň umu­my or­ta bi­lim­li, ýa­şy 35-den geç­me­dik ra­ýat­la­ry gi­riş synag­la­ry­nyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça bäs­leşik esa­syn­da ka­bul edil­ýär.

Oku­wyň möh­le­ti 2,5 ýyl we tö­leg­li.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry Türk­me­na­bat şä­he­rin­de 2020-nji ýy­lyň 6-njy iýu­ly — 8-nji aw­gus­ty ara­ly­gyn­da ka­bul edil­ýär.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry­nyň sa­na­wy:

— bel­le­ni­len nus­ga­da di­rek­to­ryň ady­na ýa­zy­lan ar­za;

— bel­le­ni­len nus­ga­da­ky so­wal­nama (an­ke­ta);

— umu­my or­ta bi­lim ba­ra­da res­mina­ma­nyň asyl nus­ga­sy;

— Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy gora­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­ligi ta­ra­pyn­dan bel­le­ni­len nus­ga­da­ky sag­lyk ke­pil­na­ma­sy;

— soň­ky okan ýe­rin­den (iş­län ýerin­den, har­by bö­lüm­den) hä­si­ýet­nama;

— bel­le­ni­len nus­ga bo­ýun­ça okuw üçin tö­le­gi öz wag­tyn­da amal et­me­giň ke­pil ha­ty;

— 3×4 sm öl­çeg­dä­ki se­kiz sa­ny foto­su­rat;

— iş­le­ýän­ler üçin zäh­met dep­derçe­si­niň tas­syk­la­nan gö­çür­me­si;

— gi­riş sy­nag­la­ryn­dan üs­tün­likli ge­çen ýag­da­ýyn­da ar­tyk­maç­lyklar­dan peý­da­lan­ýan oku­wa gir­ýän ýy­lyn­da mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň ders­ler bo­ýun­ça döw­let bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­le­ri, umu­my­bi­lim ders­le­ri bo­ýunça hal­ka­ra bäs­le­şik­le­ri­ne gat­na­şan Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň ag­za­la­ry şol ýag­daý­la­ry tas­syk­la­ýan de­giş­li res­mi­na­ma­nyň asyl nus­ga­syny tab­şyr­ýar­lar.

Bu­lar­dan baş­ga-da, oku­wa gir­mäge is­leg bil­dir­ýän­ler ýo­kar­da gör­ke­zilen res­mi­na­ma­lar bi­len bir­lik­de resmi­na­ma­la­ry ka­bul ed­ýän iş to­pa­ry­na aşak­da­ky­la­ry gör­kez­ýär­ler we nus­gala­ry­ny tab­şyr­ýar­lar:

— şah­sy pas­por­ty­ny;

— Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýçle­rin­de har­by gul­lu­gy ge­çen­ler harby şa­ha­dat­na­ma­sy­ny, har­by gul­lu­gy geç­me­dik ýi­git­ler ýa­zy­lyş şa­ha­datna­ma­sy­ny we ýa­şa­ýan ýe­ri bo­ýun­ça har­by we­kil­lik­den gü­wä­ha­ty­ny.

Da­laş­gär ta­lyp­ly­ga ka­bul edil­mek üçin ar­tyk­maç hu­kuk­dan peý­da­lanýan­dy­gy­ny tas­syk­la­ýan beý­le­ki resmi­na­ma­la­ry gör­ke­zip bi­ler.

Nä­dog­ry ber­len mag­lu­mat­lar we res­mi iş ka­gyz­la­ry üçin da­laş­gär şahsy jo­gap­kär­çi­lik çek­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry we oku­wa kabul edil­mek 2020-nji ýy­lyň aw­gust aýy­nyň 11-12-si, 14-i we 15-i günle­rin­de «Türk­men­hi­mi­ýa» döw­let kon­ser­ni­niň Türk­me­na­bat şä­he­rindä­ki teh­ni­ki or­ta hü­när okuw mekde­bin­de (Türk­me­na­bat ş.) ge­çi­rilýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry aşak­da­ky ders­ler bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýär: hi­mi­ýa, ne­bi­ti we ga­zy gaý­ta­dan iş­le­ýän se­na­gat kär­ha­na­la­ry­nyň enjam­la­ry­na teh­ni­ki hyz­mat et­mek we ola­ry abat­la­mak; or­ga­ni­ki däl mad­dala­ryň hi­mi­ki teh­no­lo­gi­ýa­sy hü­när­le­ri — hi­mi­ýa, ma­te­ma­ti­ka, Türk­me­nis­tanyň ta­ry­hy; ga­lan äh­li hü­när­ler — fi­zi­ka, ma­tema­ti­ka, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy. Ders­ler bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň or­ta mek­dep­le­ri­niň okuw mak­sat­na­ma­la­ry­nyň esa­syn­da ge­çi­ril­ýär.

Ders­ler bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry döw­let di­lin­de dil­den ge­çi­ril­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ter­ti­bin­de belle­nen wagt­da sy­na­ga esas­syz sebäp­le­re gö­rä ge­lip bil­me­dik­ler ýa-da ders­le­riň bi­ri bo­ýun­ça sy­nag­dan geçip bil­me­dik­ler soň­ky sy­nag­la­ra goýbe­ril­me­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ne­ti­je­le­ri boýun­ça deň muk­dar­da ba­ha alan­lardan ta­lyp­ly­ga ka­bul edil­mek üçin ar­tyk­maç hu­kuk­dan aşak­da gör­kezi­len­ler peý­da­lan­ýar­lar:

— saý­lan hü­nä­ri bo­ýun­ça 2 ýyl­dan az bol­ma­dyk iş tej­ri­be­si bo­lan­lar;

— ça­gy­ryş bo­ýun­ça har­by gul­lu­gy ge­çen­ler.

«Türk­men­hi­mi­ýa» döw­let kon­ser­ni­niň Türk­me­na­bat şä­he­rin­dä­ki teh­ni­ki or­ta hü­när okuw mek­de­bi­niň sal­gy­sy: Türk­me­na­bat ş., Amul şä­her­çe­si, Dost­luk kö­çe­si, 20. tel.: 7-17-25, 7-91-04.

Ýene-de okaň

III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy geçirilýär

Kembrij sözlügi 2024-nji ýylyň “sözüni” saýlady

Aşgabatda himiýa dersi boýunça III halkara olimpiadasy geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmen ýaşlary Hytaýyň we Wengriýanyň abraýly bilim edaralaryna okuwa iberiler

Türkmenistan-Gruziýa: bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk

Ata Watan Eserleri

Iňlis dilini bir ýyl mugt öwrenmek mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri