BIZNES

Türkmenbaşy we Daşoguz şäherlerinde adalat edaralarynyň täze edara binalary gurlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Türkmenistanyň adalat edaralarynyň ulgamyny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we adalat edaralarynyň işgärleriniň iş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Adalat ministrligine Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň adalat edaralarynyň edara binasynyň hem-de Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde Daşoguz welaýatynyň adalat edaralarynyň edara binasynyň taslamalaryny düzmäge hem-de olary döwrebap enjamlar bilen üpjün edip, ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp, şeýle hem edara binalary üçin elektrik, aragatnaşyk, gaz, suw üpjünçiliginiň, lagymyň içerki we daşarky eltiji inženerçilik ulgamlaryny hem-de desgalaryny gurmaga we umumyşäher ulgamyna birikdirmek işlerini ýerine ýetirmäge ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2025-nji ýylyň fewral aýynda başlamak hem-de edara binalaryny 2027-nji ýylyň ýanwar aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Ýene-de okaň

Hytaý Gyrgyzystanda Gün we ýel elektrik stansiýalaryny gurar

Gyrgyzystanyň telekeçileri üçin Türkmenistana tanyşlyk iş sapary guralar

Türkmen-özbek serhedindäki gümrük nokatlarynyň geçirijiligini ýokarlandyrylar

Türkmenistan bilen Gazagystanyň gümrük edaralarynyň arasynda deslapdan maglumat alyşmaga badalga berildi

Türkmenistan pomidoryň eksportyny ýokarlandyrýar

Türkmenistanda “Galkynyş” töleg ulgamy işlenip düzüldi