Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, şeýle hem etrabynyň ýaşaýjylarynyň dykgatyna!
Balkan welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Türkmenbaşy etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2025-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenbaşy etrabynyň Türkmenbaşy şäherçesiniň Magtymguly köçesiniň 11-nji jaýynda Bilim bölüminiň edara binasynda sagat 10:00-dan 12:00-a çenli boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: Türkmenbaşy etrabynyň Türkmenbaşy şäherçesiniň Magtymguly köçesiniň 11-nji jaýynda Bilim bölüminiň binasy.
Habarlaşmak üçin: +993243 79936; +993243 79937;