SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenanatda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana açyldy

Düýn Türkmenabat şäherinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Buýan» agrosenagat toplumynyň glisirrizin turşusyny öndürýän kärhanasynyň binalar toplumy açyldy.

Buýan köküni gaýtadan işlemegiň hasabyna ýylda 390 tonna arassalanmadyk glisirrizin turşusyny öndürmäge ukyply kärhananyň gurluşygyna hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda badalga berlipdi. Mälim bolşy ýaly, buýan kökündäki glisirrizin turşusy wiruslara garşy netijeli serişde hökmünde gadymdan bäri lukmançylykda giňden ulanylýar. Bu ösümligiň bejerijilik häsiýetleri barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda hem belläp geçýär.

«Mizemez gadam» hususy kärhanasy tarapyndan gurlan täze kärhana Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Buýan» obasenagat toplumynyň düzümine girýär. Bu toplum buýan kökünden önüm öndürmäge ýöriteleşendir.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Daşary ýurt awiakompaniýalary Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr gatnawlary artdyrýarlar