SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenabatdan Moskwa 34-nji ýörite gatnaw

Şu gün Türkmenistanyň Türkmenabat şäherinden Russiýanyň Moskwa şäherine Moskwa-Türkmenabat-Moskwa ugry boýunça ýörite uçar gatnawy amala aşyryldy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.

Russiýanyň ilçihanasynyň resmi saýtynda ýerleşdirilen maglumata görä, “S7” rus awiakompaniýasy Moskwa-Türkmenabat-Moskwa ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny ýerine ýetirdi. Türkmenabat-Moskwa ugry boýunça amala aşyrylan ýörite gatnawdan 198 ýolagçy peýdalandy.

Rus kompaniýasy 2022-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda 33-nji gatnawyny amala aşyrypdy.

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň goldaw bermeginde Russiýanyň “S7” awiakompaniýasy koronawirus pandemiýasy sebäpli wagtlaýynça togtadylan halkara uçar gatnawlarynyň ýerine ýörite gatnawlary ýerine ýetirýär.

2020-nji ýylyň martyndan bäri, Russiýanyň “S7” awiakompaniýasy 34-nji ýörite gatnawyny ýerine ýetirdi.

 

Türkiýede talyp haky bilen bilim : 2022

Ýene-de okaň

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli uçuşlary yglan etdi!

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagy açyldy