JEMGYÝET

Türkmenabatda “Türkmeniň ak öýi” binasy açyldy

Lebap welaýatynda iş saparynda bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  Türkmenabatda “Türkmeniň ak öýi” binasynyň açylmagy mynasybetli dabara gatnaşdy.

Bu bina Türkmenabadyň täze binagärlik gymmatlygyna öwrüldi. Şäheriň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň hem-de Alty Garlyýew köçesiniň çatrygynyň golaýynda peýda bolan bu ägirt uly durmuş-medeni maksatly desga milli Liderimiziň 2018-nji ýylda gol çeken Kararyna laýyklykda guruldy.

“Türkmeniň ak öýi” ähli görkezijiler babatda dünýä ülňülerine doly laýyk gelýär. Bu bina döwrebap gurluşyk we timarlaýyş serişdelerini ulanmak arkaly guruldy. Binanyň içki bezegi özboluşlylygy hem-de milli öwüşginleri bilen tapawutlanýar. Desganyň bezeginde haly gölleri, türkmen ak öýlerine mahsus bolan bezeg usullary ulanyldy.

Binada dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň akustiki ulgamlary we beýleki zerur enjamlary bilen üpjün edilen uly tomaşalar jaýy ýerleşýär. Şeýle hem bu ýerde giň eýwan, iş, edara we beýleki otaglar bar.

“Türkmeniň ak öýi” uly toplumdan ybaratdyr. Ol özüne sadaka jaýyny, dürli çäreleri geçirmek üçin niýetlenen açyk meýdançany, awtoduralgany, tehniki bölümi we beýleki desgalary birleşdirýär.

Binanyň ýanaşyk ýerleri doly abadanlaşdyryldy we bagy-bossanlyga öwrüldi. Bu ýerde pürli hem-de bezeg agaç nahallarynyň köp sanlysy oturdyldy, bina barýan ýol çekildi.

“TÜRKMENIŇ AK ÖÝI”: ŞÄHERGURLUŞYGYŇ TÄZE NUSGASY

Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde 3 müň orunlyk “Türkmeniň ak öýi” binasynyň gurluşygy  Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Ajaýyp döwür” HJ-niň hünärmenleri tarapyndan amala aşyryldy.

“Türkmeniň ak öýi” binasy ak öý görnüşindäki uly desga bolup, milli we halkara derejesindäki köpçülikleýin çäreleri, baýramçylyk çykyşlaryny geçirmek üçin niýetlenilendir.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda gaýtalanmajak binagärligi we ýokary inženerçilik çylşyrymlylygy bilen tapawutlanýan “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň gurluşygy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ynanyldy. Ägirt uly ak öýleriň ilkinjisi 2015-nji ýylyň noýabr aýynda Mary şäherine “Türk dünýäsiniň medeni merkezi – 2015” derejesi berilende açyldy. Ony hususy gurluşyk kärhanalary bina edip, onuň düzümine “Dolama”, “Aly bina gurluşyk” hojalyk jemgyýetleri, şeýle hem “Başlar” we “Ynamly hereket” hususy kärhanalar girýär.

“Täze jaý” hojalyk jemgyýeti tarapyndan bina edilen “Nowruz ýaýlasynyň ak öýi” ikinji konsert-sergi toplumy 2017-nji ýylda Aşgabat şäheriniň golaýynda açyldy.

Häzirki wagtda “Röwşen” hususy kärhanasynyň hünärmenleri Balkanabat we Daşoguz şäherlerinde “Türkmeniň ak öýüni” bina edýärler.

 

Türkmenistanyň wekiliýeti ýokary derejeli maslahata gatnaşdy

 

Ýene-de okaň

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa ilkinji resmi sapary başlandy

Ata Watan Eserleri

Murat Boz Türkmenistanda konsert berer

Arsen Şahuns, Murat Boz, Gülşen Baýraktar we beýleki aýdymçylar Aşgabatda konsert bererler