JEMGYÝET

Türkmenabatda köp gatly jaýlaryň 17-si we kottejleri 70-si açyldy

Türkmenabat şäherindäki täze ýaşaýyş toplumynda birbada köp gatly jaýlaryň 17-siniň we kottejleriň 70-isiniň ulanylmaga tabşyrylmagyna bagyşlanan dabaralar boldy. Bu ýere 600-den gowrak maşgala göçüp bardy. Bu barada “jeyhun.news” internet neşiri habar berýär.

Täze ýaşaýyş toplumynyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa gatnaşdy we jaýlaryň açaryny alan maşgalalary şatlykly waka bilen gutlady. Jaýlar, öýlerde döredilen amatlyklar we olaryň daşynda gurlan goşmaça binalar bilen tanyşdy. Mejlisiň Başlygy kottejleriň birinde jaý toýuna taýýarlyk görýän maşgala tamdyrda çörek ýapmaga kömekleşdi.

Türkmenabat halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda emele gelen ýaşaýyş toplumy öňden bar jaýlaryň üstüni ýetirdi. Mundan üç ýyl ozal ― 2018-nji ýylyň iýun aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda bu ýoluň ugrunda her biri dört gatly, 30-40 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň bir günde 22-si açylyp, ulanmaga berilipdi. Şol gün döwlet Baştutany bu ýerde täze bir ýaşaýyş toplumynyň hem düýbüni tutupdy.

Köp gatly jaýlaryň her biri 32 öýlüdir. Olara 544 hojalyk göçüp bardy. 70 maşgala bolsa kottejlere göçüp bardylar.

«Şähergurluşyk we hyzmat» hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanasy, «Demirbetonkonstruksiýa», «Demirbetonönümleri» kärhanalary, «Lebapgurluşyk» önümçilik birleşiginiň 18-nji gurluşyk-gurnama müdirligi Türkmenabat şäherinde täze açylan ýaşaýyş toplumynyň gurluşygynyň köp gatly jaýlaryň we kottejleriň baş potratçylary bolup çykyş etdiler.

Gurluşyk işlerinde olara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary ― hususy gurluşyk kompaniýalary hem ýakyndan ýardam berdiler. Has takygy, köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynda «Asyl ýurt» hususy kärhanasy «Şähergurluşyk we hyzmat» hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanasy bilen (3 jaý), «Gadymy nagyş» hususy kärhanasy «Demirbetonkonstruksiýa» kärhanasy bilen (2 jaý), «Demir gap» hususy kärhanasy «Demirbetonönümleri» kärhanasy bilen (2 jaý) hyzmatdaşlykda işledi. Köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň bäşisini baş potratçylar kömekçi tarapy ulanmasyzdan amala aşyrdylar. Galan jaýlaryň gurluşygynda bolsa «Ak diwar», «Şöhratly zamana», «Gök ýaprak», «Behişdi ülke» we «Ýeňişli ýollar» hususy kärhanalary baş potratçylara ýardam berdiler.

Röwşen Amanow: Aýdyma baglanan ömrüm

 

Ýene-de okaň

Murat Boz: Türkmenistany öz Watanym ýaly görýärin

Aşgabatda sebitde iň uly Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi gurulýar

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Murat Boz Türkmenistanda konsert berdi

Ata Watan Eserleri

“Ýylyň Sözüni” saýlana 1000 manat baýrak : “Makul Sözlük” teklip edýär