SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenabat-Moskwa ugry boýunça nobatdaky ýörite gatnaw

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň garamagynda Türkmenabat-Moskwa ugry boýunça ýörite uçar gatnawy amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Bu barada Russiýanyň ilçihanasynyň “Telegram” jemgyýetçilik torunda bellenilip geçilýär.

Şol habarda bellenilip geçilişi ýaly, Russiýanyň “S7 Airlines” awiakompaniýasy tarapyndan 11-nji fewral Türkmenabat-Moskwa ugry boýunça ýörite gatnaw göz öňünde tutulýar.

Bu gatnaw üçin awiapetekleriň şu gün, ýagny 7-nji fewralda satylyp başlanandygy hem mälim edilýär.

Bu ýörite gatnaw koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly girizilen çäklendirmeleriň çäklerinde ýerine ýetiriljek 35-nji gatnaw bolar.

Türkmenabat-Moskwa ugry boýunça 34-nji gatnaw şu ýylyň 28-nji ýanwarynda ýerine ýetirilipdi.

Mälim bolşy ýaly, Russiýanyň “S7 Airlines” awiakompaniýasy 2020-nji ýylyň martyndan bäri ýörite gatnawlary ýola goýýar.

Amerikada Talyp haky bilen bilim almak isleýärsiňizmi: Fulbraýt maksatnamasy

 

Ýene-de okaň

“Türkmenistan” awiakompaniýasy TIACA-nyň işjeň agzasy boldy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat – Daşoguz uçuşlaryň sanyny artdyrýar

Haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna çagalara kardiohirurgiki we urologiki operasiýalar geçirildi

Ýaponiýaly lukmanlar Türkmenistanda saparda bolýarlar

«S7» awiakompaniýasy: Aşgabatdan Nowosibirskä uçar gatnawyny ýola goýmagy meýilleşdirýär

Türkiýäniň syýahatçylyk pudagy 2025-nji ýylyň üçünji çärýegini iň ýokary girdeji bilen jemleýär