DÜNÝÄ

Türkmen-yrak syýasy geňeşmeleri geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde iki ýurduň DIM-leriniň arasynda türkmen- yrak syýasy geňeşmeleri geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew, yrak tarapyna Yragyň daşary işler ministriniň orunbasary Mohammed Bahr Al-Ulum ýolbaşçylyk etdi.

Geňeşmeleriň dowamynda dürli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň giňeldilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.

Döwletleriň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde parlament diplomatiýasynyň möhüm ornuny göz öňünde tutup, Türkmen-yrak parlamentar dostluk toparyny döretmek teklibi öňe sürüldi.

Şeýle hem, Türkmenistanyň we Yragyň halkara düzümleriň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi. Iki döwletiň öňe süren başlangyçlarynyň we teklipleriniň özara goldawa eýe bolmagy muny aýdyň subut edýär.

Duşuşygyň çäklerinde türkmen tarapy şu ýyl Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň giňişleýin bellinilýändigini nygtap, Yragyň ýolbaşçylygyny şu ýylyň oktýabr aýynda geçiriljek döwlet we hökümet baştutanlarynyň sammitine çagyrdy.

Mundan başga-da, söwda-ykdysady ugur döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň we Yragyň özara söwdany, maýa goýumlaryny artdyrmakda we ulag, energetika, suw hojalygy ýaly dürli pudaklarda özara peýdaly taslamalary durmuşa geçirmekde uly mümkinçiliklere eýedigi bellenildi.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy barada aýdylanda, ylym, bilim we syýahatçylyk ugurlarynda bilelikdäki işler üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna ynam bildirildi.

Ýene-de okaň

Türkmen we iňlis nakyllary Kindle görnüşinde çap edildi

Azerbaýjan Ukraina awtobuslary berdi we 45 million dollar möçberinde kömek etdi

Türkmen bedewiniň milli baýramy: döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyjy» atly ýubileý medaly dörediler

Türkmenistan Maldiwlere we Bruneý-Darussalama ilçi bellär

Türkmenistanyň Ilçisi Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy